383687.jpg12-nji de­kabr­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nistr Bo­ris Jon­son ýe­ňiş ga­zan­dy. Des­lap­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Bo­ris Jon­so­nyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Kon­ser­wa­tiw par­ti­ýa­sy 650 orun­lyk ob­şi­na­lar pa­la­ta­syn­dan (aşa­ky pa­la­ta) 343 or­na eýe bol­dy. Şeý­le hem, bu par­ti­ýa­nyň 368 or­na çen­li eýe bol­jak­dy­gy çak edil­ýär. Kon­ser­wa­tor­la­ryň esa­sy bäs­de­şi “La­bo­ur” par­ti­ýa­sy bol­sa, 201 or­na eýe bol­dy. Prem­ýer-mi­nistr Bo­ris Jon­son hö­kü­me­tiň tä­ze dü­zü­mi­niň kon­ser­wa­tor­la­ra ýur­dy ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.

381219.jpgAzer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew Mil­li Mej­li­si ýa­ty­ryp, 2020-nji ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da möh­le­tin­den öň par­la­ment saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da ka­ra­ra gol çek­di. Bu ba­ra­da döw­let ýol­baş­çy­sy­nyň res­mi saý­ty ha­bar ber­ýär.

381216.jpgTä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon par­la­ment we ýerli hä­ki­mi­ýe­tiň saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Par­la­men­tiň aşa­ky pa­la­ta­sy­nyň we ýer­li hä­ki­mi­ýetiň saý­law­la­ry 2020-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da, par­la­men­tiň ýo­kar­ky pa­la­ta­sy­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry bol­sa, 2020-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da ge­çi­ri­ler.

381210.jpgLýuks be­zeg­ler bo­ýun­ça ame­ri­kan bren­di “Tif­fa­ny” in­di fran­suz kong­lo­me­ra­ty “LVMH – Louis Vuit­ton Mo­et Hen­nes­sy” de­giş­li bo­lar. Bu ýag­daý söw­da şe­re­ke­ti­niň ABŞ-da­ky or­nu­ny ber­kit­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, sa­gat we zergärçilik söwdasyna tä­ze dep­gin be­rer. 2011-nji ýyl­da LVMH şe­re­ke­ti Ita­li­ýa­nyň “Bul­ga­ri” fir­ma­sy­ny sa­tyn al­dy. Şeý­le hem oňa Şweý­sa­ri­ýa­nyň sa­gat şe­re­ke­ti “TAG Heuer” de­giş­li­dir. LVMH-niň 75 bren­di bar. Ge­le­şi­giň 2020-nji ýy­lyň or­ta­la­ryn­da ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy aý­dyl­ýar.