Hytaý Halk Respublikasynyň hökümeti saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine garamazdan, bu ulgamy has-da kämilleşdirmek üçin uly tagalla edýär. Bu barada Bütindünýä bankynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Hytaýyň Maliýe ministrliginiň hem-de Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komitetiniň bilelikdäki beýanatynda bellenip geçilýär. Ýokarda agzalan edaralar 2 ýylyň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda seljerme işlerini geçirdi.
Beýanata görä, soňky 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hökümeti 60 milliondan gowrak adamy garyplykdan dyndaryp, saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly üstünlikler gazandy. Ýurtda 2009-njy ýyldan bäri saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler durmuşa geçirilýär.
2016-2020-nji ýyllary öz içine alýan 13-nji bäşýyllyk maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin ylmy-barlag işlerine köpräk üns berilmegi göz öňünde tutulýar. 2016-njy ýylyň maý aýynyň ahyrynda Hytaýyň Oba hojalygy boýunça ösüş banky öňümizdäki 5 ýylda (2020-nji ýyla çenli) garyplyga garşy göreş alyp barmak üçin 460 milliard dollar sarp etmegi göz öňünde tutýar. Degişli döwre çenli 70 million adamy garyplykdan dyndarmak maksat edinilýär.
Hytaý lukmançylygy ösüşde
Hytaýyň halk lukmançylygy ýa-da däbe öwrülen hytaý lukmançylygy dünýäde giňden ýaýrap ugrady. Golaýda San-Marinoda hytaý lukmançylygy muzeýi açyldy. Şu ýylyň noýabr aýynda Belarusyň Grodno şäherinde lukmançylyk merkezi açylar.
San-Marinodaky Konfusiý institutynda açylan hytaý lukmançylygy muzeýi Pekiniň «Tunžentan» derman senagaty kompaniýasy tarapyndan maliýeleşdirildi. Bu ýerde diňe hytaý dermanlary görkezilmän, eýsem, dürli okuw dersleri geçiriler. Okuw derslerinde diňleýjilere däbe öwrülen hytaý lukmançylygy hem-de derman senagaty barada içgin maglumat almaga mümkinçilik dörediler.
Hytaýyň Gansu welaýatynyň hassahanasy 2016-njy ýylyň noýabrynda Belarusyň Grodno şäherinde hytaý lukmançylygy merkezini açar. Bu ýerde hytaýly lukmanlar işlärler. Olar iňňe sançmak, fizioterapiýa, suw bilen kesel bejeriş hyzmatlaryny bitirerler.