Mejlisiň barşynda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Bu resminama “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça kiçi we orta telekeçiligiň işini kadalaşdyrmak hem-de salgyt-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde tertibiň taslamasy taýýarlanyldy.
Hasabatyň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Merkezi balans toparynyň düzüminiň işi barada hasabat berildi. Şu ýylyň dowamynda Merkezi we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 80-si geçirilip, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň dürli düzümleriniň 165-siniň maliýe-ykdysady, hojalyk işleriniň meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasyny gurmak hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada durlup geçildi.
Ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümlerini daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara sergilerde mahabat etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn derýasynyň boýundaky Frankfurt şäherinde her ýylyň ýanwar aýynda “Heimteхtil” atly iri halkara sergi geçirilýär. Oňa 130-dan gowrak ýurtdan dokma önümlerini öndürijiler gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu gözden geçirilişe gatnaşmak mümkinçiligi barada habar berildi. Şonda Türkmenistanyň dokma pudagynda we halyçylykda ýeten derejeleri görkeziler.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda mekdep okuwçylary üçin kompýuterleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Şu ýyl 1-nji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýa merkeziniň “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynda öndürilen öwrediji kompýuterleriň 153 müň 885 sanysy milli Liderimiziň adyndan sowgat berildi. Häzirki wagtda kompýuterleriň, noutbuklaryň we netbuklaryň görnüşlerini has-da kämilleşdirip, şolaryň nobatdaky tapgyryny goýbermäge taýýarlyk görülýär. Bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamasy we programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde kesgitlenildi. Teklip edilýän kompýuterler şu ýylky öwrediji kompýuterler bilen deňeşdirilende, kuwwaty we ýokary tizligi bilen tapawutlanýar hem-de maglumat saklaýyş möçberi, ekranyň ölçegleri artdyryldy hem-de döwrebap programmalar toplumy goýuldy. Mundan başga-da, bu kompýuterler bilen täze okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, olary sarp edijilere ýerlemek üçin öndürmegiň hem göz öňünde tutulýandygy habar berildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halkara tennis federasiýasynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmek hakyndaky teklibi barada hasabat berildi. Bu bäsleşiklere 17 döwletden sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden türgenler 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigiň 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Halkara tennis federasiýasy bu halkara ýaryşy 8-15-nji iýun aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirmegi teklip edýär.
Şeýle hem mejlisiň barşynda nebitgaz, oba hojalygy we beýleki ugurlarda alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi. Öňde boljak baýramçylyklara hem-de şanly wakalara bagyşlanyp taýýarlanan medeni çäreleriň maksatnamasy, şeýle hem medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Täze ýyla gabatlanyp, giň gerimli dabaralar meýilleşdirildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Mejlisiň Başlygy döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hem-de öňe sürülýän oňyn başlangyçlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.
Degişli ministrliklerden hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda parlament ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, uglewodorod serişdeleri, elektron hem-de elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar, bilim ulgamy, bedenterbiýe hem-de sport, ylmy açyşlar, Geňeşleriň işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işi bilen baglanyşykly birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenýär.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.