Dünýäniň iň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun şu ýylyň ahyrynda wezipe möhletini tamamlaýar. Onuň oruntutaryny saýlamak üçin degişli işler gyzgalaňly tapgyra gadam basdy. Dalaşgärler hasaba alyndy, olar Baş Assambleýanyň agzalarynyň öňünde çykyş etdiler, şeýle hem ilkinji gezek olaryň arasynda özara telewizion maslahatlaşmalar geçirildi. Şondan soňra guramanyň Howpsuzlyk geňeşinde gizlin ses bermek çäräsi geçirildi. “Frans Press” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, ses berişligiň birinji tapgyrynda Portugaliýanyň öňki Premýer-ministri Antoniu Guterriş öňe saýlandy. Bu ugurda ikinji orny Sloweniýanyň ozalky Prezidenti Danilo Turk eýeledi.
Häzirki wagtda baş sekretarlyk wezipesine 12 adam dalaş edýär. Olaryň 6-sy zenan, 6-sy erkek. Birinji tapgyry geçirmekdäki maksat dalaşgärleriň sanyny azaltmakdan ybaratdyr. 2006-njy ýylda bu wezipe üçin 7 adam dalaş edipdi. Howpsuzlyk geňeşindäki soňky ses berişlige 5 dalaşgär gatnaşypdy.