2030-njy ýy­la çen­li ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­de ge­çi­ri­len COP25 mas­la­ha­tyn­da 196 döw­le­tiň, şol san­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we­kil­le­ri­niň esa­sy me­se­le­si bol­dy. Mad­rid­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da ta­rap­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş ba­bat­da BMG-niň çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Oňa gat­na­şy­jy­lar jem­leý­ji res­mi­na­ma gol çek­di­ler. Dün­ýä ýurt­la­ry zy­ýan­ly gaz­la­ry ho­wa goý­ber­mek­le­ri­ni azalt­mak bo­ýun­ça öz me­ýil­na­ma­la­ry­ny hö­dür­le­di­ler.

2015-nji ýyl­da ga­za­ny­lan Pa­riž yla­la­şy­gyn­a gö­rä, ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­nyň 2 de­re­jä çen­li ýo­kar­lan­ma­gy­ny azalt­mak mak­sat edi­nil­ýär. 2-15-nji de­kabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len bu sam­mit­de ýurt­lar bu gör­ke­zi­ji­ni 1,5 de­re­jä çen­li aşak dü­şür­mek üçin ta­gal­la et­mek bo­ýun­ça öza­ra yla­laş­dy­lar.

Mad­rid mas­la­ha­ty­na dün­ýä ýurt­la­ryn­dan döw­let we hö­kü­met baştutan­la­ry hem-de beý­le­ki ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­lar gat­naş­dy­lar. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­nük­di­ri­len in­di­ki mas­la­hat 2020-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Glaz­go şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler.