2019-njy ýy­lyň iň meş­hur hem-de iň gö­zel ýer­le­ri­niň reý­tin­gi dü­zül­di. Bu sa­naw “Trip Advisor” saý­tyn­da mä­lim edil­ýär. Bi­rin­ji or­na ga­dy­my Ri­miň bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­li­gi – Ko­li­zeý eýe bol­dy. Bu gö­zel ýer eý­ýäm iki ýyl bä­ri yz­ly-yzy­na reý­tin­giň ba­şy­ny çe­kip gel­ýär. Ikin­ji or­ny Pa­ri­žiň Luwr mu­ze­ýi eýe­le­di. Meş­hur fran­suz ga­la­re­ýa­syn­da­ky Leo­nar­do da Win­çi­niň “Mo­na Li­za” ese­ri we beý­le­ki meş­hur us­sat­la­ryň sun­gat eser­le­ri bu ýe­re ge­lip gör­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Üç­lü­ge Wa­ti­kan mu­zeý­le­ri go­şu­lyp, sy­ýa­hat­çy­lar ol ýer­ler­dä­ki mu­kad­des ha­sap­lan­ýan ýer­le­re ba­ryp gör­ýär­ler hem-de hep­de­de bir ge­zek Rim Pa­pa­sy­nyň res­mi ka­bul ediş­li­gi­ne gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.

Dör­dün­ji orun­da Nýu-Ýor­kuň Azat­lyk heý­ke­li ýer­leş­ýär. Bä­şin­ji orun­da Eý­fel di­ňi ýer­le­şip, ol ýer­den bü­tin Pa­ri­ži gö­rüp bol­ýar. Şeý­le hem reý­tin­ge Bar­se­lon­ada­ky Sag­ra­da-Fa­mi­li­ýa yba­dat­ha­na­sy, ABŞ-nyň Tä­ze Or­le­an şä­he­rin­dä­ki Fran­suz et­ra­by, Ams­ter­dam­da­ky An­na-Fran­kyň öý mu­ze­ýi, ABŞ-nyň Çi­ka­go şä­he­rin­dä­ki “Wil­lis To­wer” gök­di­rä­nin­de ýer­leş­ýän “Sky­deck” syn­la­ýyş meý­dan­ça­sy we We­ne­si­ýa­da­ky San-Mar­ko meý­dan­ça­sy gir­di. Sanaw öňünden bellenen pe­tek­le­rdä­ki mag­lu­mat­lar esa­syn­da dü­zü­lip, olar­da ba­ryl­ma­ly ýer­ler gör­ke­zil­ýär.