Maş­ga­la­ly dur­mu­şy­nyň 80 ýyl­ly­gy­ny bel­län ABŞ-ly 106 ýaş­ly Jon we onuň aýa­ly 105 ýaş­ly Şar­lot­ta Hen­der­son dün­ýä­niň iň gar­ry jü­bü­ti diý­lip yk­rar edil­di we Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­a gi­ri­zil­di. Jon we Şar­lot­ta 1934-nji ýyl­da Te­has uni­wer­si­te­tin­de okap ýör­kä­ler ta­nyş bo­lup, 1939-njy ýyl­da ni­ka­laş­ýar­lar. Är-aýa­lyň ag­tyk­la­ry Jeý­son Fri ola­ryň aja­ýyp jü­büt­ler­di­gi­ni we örän bagt­ly­dy­gy­ny gür­rüň ber­di.

Jon öz to­ýu­nyň 80 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lap, Şar­lot­ta­ny iki orun­lyk “Roads­ter 1920” aw­tou­la­gyn­da aý­lap, ni­ka­la­şan gün­le­rin­dä­ki il­kin­ji wa­ka­ny ýat­la­dy we oňa gül des­se­si­ni sow­gat et­di. Hen­der­son­lar bu wa­ka­ny öz maş­ga­la to­pa­ry­nyň ara­syn­da bel­läp, bi­le­lik­de ýa­şan dö­wür­le­rin­dä­ki dü­şen köp san­ly su­rat­la­ry­ny syn­la­dy­lar. Är-aýal öz­le­ri­niň ömür­le­ri­niň uzak­ly­gy­ny we maş­ga­la­da­ky bag­ty­ny öza­ra söý­gü­si­niň ne­ti­je­si­di­gi­ni bel­le­di­ler.