Is­pa­ni­ýa­nyň Ko­ro­ly Fi­lipp VI ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri Ped­ro San­çe­se tä­ze mi­nistr­ler ka­bi­ne­ti­ni düz­me­gi tab­şyr­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, 10-njy no­ýabr­da Is­pa­ni­ýa­da äh­lu­mu­my saý­law­lar ge­çi­ril­di. Onuň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, Is­pan so­sia­lis­tik iş­çi par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Beý­le­ki par­ti­ýa­lar bi­len bi­le­le­şik düz­me­gi mak­sat edin­ýän Ped­ro San­çe­se “Po­de­mos” par­ti­ýa­sy bi­len yla­la­şyk ga­zan­mak ba­şart­dy.

Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça ys­lam gu­ra­ma­sy­nyň ýyg­na­gyn­da (ISESCO) Mü­sü­riň paý­tag­ty Ka­ir hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bu­ha­ra şä­he­ri 2020-nji ýyl­da “Ys­lam me­de­ni­ýe­ti­niň paý­tag­ty” diý­lip, mä­lim edil­di. Bu ka­rar Tu­nis şä­he­ri­niň 2019-njy ýyl­da “Ys­lam me­de­ni­ýe­ti­niň paý­tag­ty” diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len gu­ra­ma­nyň jem­leý­ji mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­di. ISESCO-nyň baş sek­re­ta­ry Sa­lim bin Mu­ham­med al-Ma­lik “Ys­lam me­de­ni­ýe­ti­niň paý­tag­ty” de­re­je­si­niň me­de­ni ösü­şe ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Nýu-Ýor­kuň “Sot­he­by’s” söwda öýün­de bri­tan rok-sa­zan­da­sy, aý­dym­çy­sy, şa­hy­ry we ýa­zy­jy­sy Jon Len­no­nyň (1940-1980) ro­wa­ýa­ty te­ge­lek äý­ne­gi 137,5 müň funt ster­lin­ge sa­tyl­dy. Ony sa­tyn ala­nyň ady mä­lim edil­me­di.

2019-njy ýy­lyň “Dün­ýä gö­ze­li” de­re­je­si­ne ýa­maý­ka­ly To­ni-Enn Sing eýe bol­dy. Sy­lag­la­ýyş da­ba­ra­sy Lon­don­da ge­çi­ril­di. Gö­zel­lik bäs­le­şi­gi 1951-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. Gel­jek ýyl bu bäs­le­şi­giň dö­re­dil­me­gi­niň 70 ýyl­ly­gy Tai­land­da bel­le­nip ge­çi­ri­ler.