Ys­lam hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­na (YHG) ag­za döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ýyg­na­gy Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­ty Daş­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Bu ýyg­na­gyň şu ýy­lyň 18-19-njy okt­ýab­ryn­da bol­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di.
– Gu­ra­ma­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň 43-nji ýyg­na­gy Daş­kent­de ge­çi­ri­ler. Öz­be­gis­tan bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki ýyg­na­ga hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­ýär. Ol gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň has-da ber­ke­me­gi­ne uly iter­gi be­rer – di­ýip, Öz­be­gis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ab­du­la­ziz Ka­mi­low gür­rüň ber­ýär.
2015-nji ýy­lyň ma­ýyn­da gu­ra­ma­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ýyg­na­gyn­da 2016-njy ýyl­da gu­ra­ma­nyň dö­wür­le­ýin baş­lyk­ly­gy Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na be­r­lip­di.
Ys­lam hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy 1969-njy ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da esas­lan­dy­ry­lyp­dy. 2011-nji ýy­la çen­li ol Ys­lam kon­fe­ren­si­ýa­sy gu­ra­ma­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­de 57 döw­let bar.