Ýurdumyzda Täze ýylyň şatlyk-şowhuny hoş habarlar bilen utgaşýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ulanmaga berildi. Bu iri senagat-innowasion toplumy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi bu döwrebap zawod tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtoulag ýangyjyny öndürýän ilkinji täsin toplumdyr.
Golaýda bu toplum dünýäniň iri ylmy jemgyýetçiliginiň ýokary sylagyna mynasyp boldy. Zawodda ornaşdyrylan TIGAS tehnologiýasyny işläp düzen Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Býorn Stefan Klauzen hormatly Prezidentimize Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda berlen nobatdaky sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Şeýlelikde, Daniýa Patyşalygynyň Energetika senagaty federasiýasy kärhanada ornaşdyrylan ekologiýa ölçegleriniň ýokary derejesini belledi, ol daşky gurşawa kömürturşy gazynyň täsiriniň has azdygyny, çykarylýan önümiň kükürtsiz bolmagyny, zyýanly metallaryň bolmazlygyny we aromatiki hem-de olefin uglewodorodlarynyň mukdarynyň bildirilýän berk talaplara gabat gelýändigi üçin ekologiýa taýdan arassa bolup durýandygyny aňladýar, Beýik Britaniýanyň Himiýa inženerleriniň akademiýasy (IChemE) bolsa, TIGAS (tebigy gazdan sintetiki benziniň alynmagy) tehnologiýasynyň kämilleşdirilendigi üçin ýokary baha berdi. 1922-nji ýylda inžener-himiýaçylar we tehnologlar üçin hünär edarasy hökmünde esaslandyrylan “IChemE” iri guramanyň güwänamasy “Nebit we gaz-2019” ählumumy nominasiýasynyň ýeňijisine gowşuryldy. TIGAS tehnologiýasy Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod üçin “Haldor Topsoe” kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Ol ýokary netijeli katalizatorlar bilen utgaşdyrylyp, energiýa harajatlarynyň hem-de daşky gurşawa täsiriniň azlygy bilen birlikde, ýokary hilli benzini öndürmäge mümkinçilik berýär. Dünýäniň täsin senagat toplumy “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “Kawasaki Heavy Industries Ltd” (Ýaponiýa) we “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy. 2014-nji ýylyň awgustynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda kärhananyň düýbi tutuldy. Bu taslamanyň umumy bahasy 1 milliard 700 million amerikan dollaryna barabardyr. Täze kärhanada her ýyl 1 milliard 785 million kub metr “mawy ýangyç” gaýtadan işlenilýär. Ýokary tehnologiýaly zawod her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny çykarmak mümkinçiligine eýedir. EСО-93 benzininiň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy mälimdir. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Ýeri gelende bellesek, bu zawoda “Guinness World Records” kompaniýasynyň “Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod” diýen güwänamasy gowşuryldy. Şeýle-de ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň “Ekologiýa taýdan arassa” diýen güwänamasyna we degişli nyşanyna, Şweýsariýanyň Federal tehnologiki institutynyň “Innowasion tehnologiýalar” boýunça güwänamasyna we nyşanyna mynasyp bolupdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýär. Biziň ýurdumyz hem tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda aň-bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly utgaşmagy gazanmak arkaly, bu işlere uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna laýyklykda, bu ugurda eýýäm ençeme taslamalar amala aşyryldy. Şular ýaly taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistan “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmegiň iň işjeň merkezleriniň birine öwrülýär.