– 2020-nji ýy­la ni­ýet­le­nen BMG-niň býu­je­ti gu­ra­ma­nyň öňün­de du­ran we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ber­jaý et­mek üçin ze­rur gor­lar bi­len üp­jün eder, şeý­le hem, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len iş­ler üçin ma­li­ýe bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat eder – di­ýip, Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy mä­lim et­di.

Ol BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň äh­li­si­niň 2020-nji ýyl­da dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­sy­ny ber­jaý et­mek­de ta­gal­la­la­ry­ny güýç­len­dir­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

– Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­na­ma­sy dün­ýä ila­ty­nyň dur­mu­şy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir – di­ýip, Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy bel­le­di. Öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da ga­ryp­lyk bi­len gö­reş, gen­der deň­siz­li­gi we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş ýa­ly mak­sat­lar bar. Dün­ýä Li­der­le­ri dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny 2015-nji ýyl­da ka­bul edip, ony 2030-njy ýy­la çen­li ber­jaý et­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar.

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 2020-nji ýyl üçin býu­je­ti­ni ka­bul et­di. Onuň möç­be­ri 3 mil­liard 73 mil­li­on 830 müň 500 dol­la­ra deň­dir. 1973-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek gu­ra­ma­nyň býu­je­ti iki ýyl üçin däl-de, bir ýyl üçin ni­ýet­le­nil­ýär diý­lip, BMG-niň saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Baş As­samb­le­ýa­nyň mü­di­ri­ýet we ma­li­ýe me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ko­mi­te­ti uza­ga çe­ken mas­la­hat­dan soň­ra, gu­ra­ma­nyň býu­je­ti­ni tas­syk­la­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy Ti­ja­ni Mu­ham­mad Ban­de bu wa­jyp res­mi­na­ma­nyň üs­tün­de al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­len­me­gi bi­len gut­lap, onuň BMG-niň öz we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li ber­jaý et­me­gi üçin ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.