Owganystanyň häzirki Prezidenti Aşraf Gani sentýabr aýynyň ahyrynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine görä, sesleriň 50,64 göterimine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Bu barada garaşsyz saýlaw komissiýasynyň başlygy Hawa Alam Nuristani mälim etdi.
Owganystanyň Premýer-ministri Abdulla Abdulla sesleriň 39,52 göterimi bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna 3,85 göterim ses bilen ozalky Premýer-ministr Gulbeddin Hikmetýar eýe boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 28-nji sentýabrda Owganystanda Prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň netijeleri 19-njy oktýabrda mälim edilmelidi, ýöne dürli sebäplere görä, yza süýşürildi. 2001-nji ýyldan bäri dördünji gezek geçirilen Prezident saýlawlaryna jemi 15 dalaşgär gatnaşyp, 9,5 milliondan gowrak raýat ses bermek üçin bellige alnypdy. 2014-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Aşraf Gani ýeňiş gazanypdy.