Hor­wa­ti­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­syn­dan da­laş­gär Zo­ran Mi­la­no­wiç 22-nji de­kabr­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da öň­de­li­gi eýe­ledi. Bu ba­ra­da ýur­duň döw­let saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Ses­le­r sa­na­lan­dan soň­ra, Mi­la­no­wi­çiň 29,55 gö­te­rim se­s alandygy bel­li bol­dy. Onuň yz ýa­nyn­dan 26,65 gö­te­rim ses bi­len ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç gel­ýär. Üçün­ji or­ny aý­dym­çy we sa­zan­da Mi­ros­law Şko­ro eýe­läp, oňa saý­law­çy­la­ryň 23,62 gö­te­ri­mi ses ber­di.

Bi­rin­ji tap­gyr­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri­si­niň 50 gö­te­rim­den köp ses alyp bil­mändi­gi üçin, Pre­zi­dent saý­law­larynyň ikin­ji tap­gy­ry 5-nji ýan­war­da ge­çi­ri­ler. Bi­rin­ji tap­gyr­da ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne je­mi 11 sy­ýa­sat­çy da­laş­gär­lik et­di. Saý­law­la­ra gat­naş­mak hu­ku­gyn­dan 3,8 mil­li­on tö­we­re­gi hor­wa­ti­ýa­ly peý­da­lan­dy. Res­pub­li­ka­nyň Pre­zi­den­ti äh­lu­mu­my we gö­ni ses ber­mek ar­ka­ly 5 ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar. Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç bu we­zi­pä­ni 2015-nji ýy­lyň few­ra­lyn­dan bä­ri eýe­läp gel­ýär.