2020-nji ýylda dünýä belli kompozitor Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününe 250 ýyl dolýar. Eýýäm şu günlerden Germaniýada meşhur kompozitoryň doglan güni mynasybetli çäreler geçirilip başlandy. Bethoweniň doglan ýeri Bonnda sergi guralyp, bu ýere gelip görýänlere saz ussadynyň durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Sergide kompozitoryň 200-den gowrak gymmatly eserleri – golýazmalary, nota depderleri, saz gurallary we kartinalary görkezilýär.
– Bethoweniň adatdan daşary häsiýeti bolup, ýygy-ýygydan degşipdir, hatda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşanda hem dostlary bilen aragatnaşygyny kesmän, wagtyny oňat geçiripdir – diýip, serginiň guraýjysy Juliýa Runge aýdýar.
Lýudwig wan Bethowen (1770-1827) şu günki güne çenli saz eserleri iň köp çalynýan nusgawy kompozitorlaryň biri bolmagynda galýar. Bonndaky sergi kompozitoryň ýubileý ýyly – 2020-nji ýylyň dowamynda işlär. Germaniýada Bethoweniň ýadygärligine bagyşlanan ýüzlerçe çäre geçirilýär.