7-nji ýanwarda ispan Parlamentiniň deputatlary Sosialistik işçi partiýasynyň 47 ýaşly Lideri Pedro Sançesi ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellemek baradaky karary tassyklady. Ikinji ses berlişikde deputatlaryň köpüsi (167 deputat) Pedro Sançese ses berdiler.
Şeýlelikde, Premýer-ministr Pedro Sançes “Unidas Podemos” (Biz başararys) partiýasy bilen bilelikde hökümet gurmaga mümkinçilik gazandy. Bu ilkinji bilelikdäki hökümet bolup, 1978-nji ýylda Konstitusiýada makullanan ýörelgelere esaslanýar.
2019-njy ýylda Ispaniýada iki gezek möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. Iki saparam işçi partiýasy ýeňiş gazandy, ýöne absolýut köpçülige eýe bolup bilmändiler. Hökümet bolsa, geçen ýylyň aprel aýyndan bäri resmi ýagdaýda diňe ýerine ýetirijiniň wezipesini alyp barýardy. Pedro Sançes 2018-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi.