5-nji ýan­war­da Hor­wa­ti­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ag­za­sy, ozal­ky Prem­ýer-mi­nistr Zo­ran Mi­la­no­wiç ýe­ňiş ga­zan­dy. Ses­le­r doly sa­na­lan­dan soň­ra, Ýur­duň saý­law to­pa­ry Zo­ran Mi­la­no­wi­çiň 53 gö­te­rim se­se eýe bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç bol­sa, ses­le­riň 47 gö­te­ri­mi­ni ga­zan­dy. Bi­rin­ji tap­gy­ryň ne­ti­je­le­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň ara­syn­da­ky tapawut iki es­se art­dy. Ýur­duň Pre­zi­den­ti äh­lu­mu­my we gö­ni ses ber­mek ar­ka­ly 5 ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar.

22-nji de­kabr­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da Zo­ran Mi­la­no­wiç 29,55 gö­te­rim se­se, Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç bol­sa, 26,65 gö­te­rim se­se eýe bo­lup­dy. 51 ýaş­ly Ko­lin­da Gra­bar-Ki­ta­ro­wiç 2015-nji ýyl­dan bä­ri ýur­dy do­lan­dy­ryp gel­ýär­di. Ol ýur­duň ta­ry­hyn­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne eýe bo­lan il­kin­ji ze­nan­dyr.
2000-nji ýyl­da ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na dü­ze­diş­ler gi­ri­zi­len­den soň­ra, Hor­wa­ti­ýa par­la­ment Res­pub­li­ka­sy bol­dy. Hor­wa­ti­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň ýaş ag­za­sy bo­lup, oňa 2013-nji ýyl­da go­şu­lyp­dy.
Şeý­le hem, Hor­wa­ti­ýa 1-nji ýan­war­dan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň ýa­rym­ýyl­lyk baş­lyk­ly­gy­na gi­riş­di. Bu ba­ra­da ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di. Hor­wa­ti­ýa Lýuk­sem­burg­da we Brýus­sel­de ge­çi­ril­ýän Ýew­ro­pa ge­ňe­şi­niň hem-de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry­na baş­lyk­lyk eder. 2020-nji ýy­lyň 30-njy iýu­nyn­da bu we­zi­pä­ni Finl­ýan­di­ýa öz üs­tü­ne alar.
Hor­wa­ti­ýa Res­pub­li­ka­sy Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­da ýa-da Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, şeý­le hem, az-kem Bal­kan ýa­rym ada­syn­da ýer­leş­ýän döw­let bo­lup, 1991-nji ýyl­da ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­dy. Ýur­duň ila­ty iň soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 4 mil­li­on 76 müň 246 adam­dan yba­rat­dyr.