Şeýlelikde, Liberal-demokratik partiýasynyň parlamentdäki orny 53-e (35%), “Milliý tiklaniş”-iňki 36-a (24%), “Adolat”-yňky 24-e (16%), Halk demokratik partiýasynyňky 22-ä (15%), ekologlaryňky bolsa, 15-e (10%) ýetdi. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, Premýer-ministriň wezipesine dalaşgärligini hödürlemek hukugyna Liberal-demokratik partiýasy eýe boldy.
25 okrugdaky 1730 saýlaw uçastogynda ikinji tapgyra ses bermäge saýlawçylaryň sanawyna girizilen iki million töweregi ýa-da 62,8 göterim raýat gatnaşdy. Saýlawlaryň birinji tapgyry 2019-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilip, parlamentiň kürsülerine 5 partiýadan 744 dalaşgär bäsdeşlik etdi.
Şu ýyl Parlamente saýlawlar we halk deputatlarynyň ýerli geňeşine saýlawlar Özbegistan Respublikasynyň täze Saýlaw kanunlaryna laýyklykda geçirilýär. Özbegistanyň Parlamenti aşaky (kanun çykaryjy) we ýokarky (senat) palatalardan ybaratdyr. Iki palatanyň wekilleriniň ygtyýarlygy 5 ýyla deňdir. Kanun çykaryjy palatada 150, senatda bolsa, 100 wekil bar.
5-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynda “Oliý Majlis”-iň aşaky palatasyna geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 15 deputat orny paýlaşyldy. Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, telekeçileriň we işewürleriň hereketi bolan Liberal-demokratik partiýasyna ýene-de 11 orun, “Milliý tiklaniş” demokratik partiýasyna 2 orun, şeýle hem, “Adolat” sosial-demokratik, Halk demokratik we Ekologik partiýalaryna 4 orundan düşdi.