Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na hem-de BRIKS-e ag­za ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry şu ýy­lyň 21-23-nji iýu­lyn­da Rus­si­ýa­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­lýär. ŞHG – 2001-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň, Rus­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Gyr­gy­z Respublikasynyň we Öz­be­gis­ta­nyň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­dyr. Soň­ra oňa Hin­dis­tan we Pa­kis­tan go­şul­dy. BRIKS bol­sa, dü­zü­min­de Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan, Hy­taý we Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy bo­lan bi­le­le­şik­dir.

Ger­ma­ni­ýa­da elekt­rik ener­gi­ýa­nyň 43 gö­te­ri­mi tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa çeş­me­lerin­den alyn­ýar. Bu gör­ke­zi­ji ýurt üçin re­kord de­re­je bo­lup, ol 2019-njy ýyl­da ga­za­ny­lyp­dy. Ýurtda “ýa­şyl” ener­gi­ýanyň has köp bölegi ýel beketlerinden alynýar. Ger­ma­ni­ýa ýel be­ket­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­nda uzak wagt­dan bäri dünýäde öň­de­li­gi eýe­leýär.

Abu-Da­bi­niň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy Mu­ham­med bin Za­ýed Al-Na­haý­ýan ýur­duň te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça şeýh Ha­li­fa adyn­da­ky gaz­na­sy­na Pa­kis­ta­nyň ki­çi we or­ta yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ry­na ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len 200 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de pul se­riş­de­le­ri­ni bö­lüp ber­me­gi tab­şyr­dy.

Gol­lan­di­ýa ady­nyň 2020-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan res­mi taý­dan äh­mi­ýe­ti­ni ýi­ti­ren­di­gi ba­ra­da Ni­der­land­la­ryň hö­kü­me­ti mä­lim et­di. Mun­dan beý­läk pa­ty­şa­ly­gyň ýe­ke-täk res­mi ady Ni­der­land­lar bo­lar. Ýur­duň Gol­lan­di­ýa ady bol­sa, di­ňe gep­le­şik­ler­de ula­ny­lar. Mun­dan beý­läk hä­ki­mi­ýe­tiň äh­li eda­ra­la­ry, hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri di­ňe Ni­der­land­lar di­ýen ady ula­nar.

Bo­li­wi­ýa­nyň Ýo­ka­ry saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Sal­wa­dor Ro­me­ro 3-nji maý­da Pre­zi­den­ti, Wi­se-pre­zi­den­ti we par­la­men­tiň iki pa­la­ta­sy­nyň we­kil­le­ri­ni saý­la­mak üçin äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ol saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da hiç kim ýe­ňiş ga­za­nyp bil­me­dik ha­la­tyn­da, 45 gü­nüň do­wa­myn­da ikin­ji tap­gy­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aýt­dy. Hä­zir­ki wagt­da Bo­li­wi­ýa­nyň se­na­ty­nyň ikin­ji wi­se-spi­ke­ri Ža­nin An­ýes ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Ame­ri­kan ne­şi­ri “For­bes” 2019-njy ýyl­da has köp ga­za­nan işe­wür­le­riň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da fran­suz to­pa­ry LVMH-niň ýol­baş­çy­sy Ber­nar Ar­no, “Facebook”-yň eýe­si Mark Su­ker­berg, söw­da ul­ga­my “Za­ra”-nyň eýe­si Aman­sio Or­te­ga, “Micro­soft”-yň ozal­ky ýol­baş­çy­sy Stiw Ba­lmer hem-de “Reliance Industries” hol­din­gi­niň eýe­si Mu­keş Am­ba­ni öňe saý­lan­dy­lar.

Dünýäniň iň gar­ry ze­na­ny ýa­po­ni­ýa­ly Ka­ne Ta­na­ka 117 ýa­şy­ny bel­läp geç­di. Ol özü­niň bol­ýan ýe­ri – gar­ry­lar öýün­de bu my­na­sy­bet­li da­ba­ra gu­ra­dy. Ka­ne Ta­na­ka er­kek ki­şi­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da Dün­ýä­niň iň gar­ry ze­na­ny hök­mün­de Gin­ne­siň Re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Ol 1903-nji ýy­lyň 2-nji ýan­wa­ryn­da Fu­kuo­ka şä­he­rin­de dün­ýä inip, bäş ça­ga­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di.

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň sy­ýa­hat­çy­la­ry­na bäş ýyl­lyk wi­za be­rip baş­la­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ry ka­bul et­di. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Wi­se-pre­zi­den­ti, Prem­ýer-mi­nist­ri, Du­ba­ýyň hä­ki­mi Mo­ham­med bin Ra­şid Al-Mak­tum ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, her ýyl­da BAE 21 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gel­ýär. 2017-nji ýyl­da BAE-niň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­dan ge­len umu­my gir­de­ji­niň möç­be­ri 18,79 mil­liard dol­lar tö­we­re­gi bo­lup, ol mil­li gir­de­ji­niň 5,1 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.