BHTP (Berks­hi­re Hat­ha­way Travel Pro­tecti­on) äti­ýaç­lan­dy­ryş kom­pa­ni­ýa­sy 2020-nji ýyl­da iň howp­suz sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny kes­git­le­di. Sa­na­wyň ba­şy­ny Awst­ra­li­ýa çek­di. Dür­li ýaş­da­ky sy­ýa­hat­çy­lar to­pa­ry, şol san­da, ýaş­lar, ene-ata­lar we tej­ri­be­li sy­ýa­hat­çy­lar bu ýur­dy bi­rin­ji ýer­de goý­du­lar. BHTP-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu ýur­da ba­ryp gö­ren­le­riň äh­li­si­ni ýur­duň aja­ýyp tebigaty özü­ne çe­kip­dir.

Ikin­ji orun­da Şwe­si­ýa ge­lip, ony ýaş­lar hem-de uly ýaş­ly sy­ýa­hat­çy­lar ma­kul­la­dy­lar.

Onuň yz ýa­nyn­dan Tä­ze Ze­lan­di­ýa ge­lip, esa­san, ýur­duň ho­wa­sy, oňat inf­rast­ruk­tu­ra­sy, el­ýe­ter­li luk­man­çy­ly­gy, ýo­ka­ry hil­li in­ter­ne­ti we ýol­la­ry ýaş­la­ryň göw­nün­den tu­rup­dyr.

Şeý­le hem sa­na­wa Fran­si­ýa, Ni­der­land­lar, Is­lan­di­ýa, Ir­lan­di­ýa, Gre­si­ýa we Ýa­po­ni­ýa gir­di.

Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da sy­ýa­hat­çy­lar öňün­den me­ýil­leş­di­ri­len sy­ýa­hat­la­ryň iň howp­suz sy­ýa­hat­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler. BHTP kom­pa­ni­ýa­sy her ýyl­da sy­ýa­hat­çy­la­ryň pi­kir­le­ri­ni so­rap, şu­nuň ýa­ly bar­lag­la­ry ge­çir­ýär. Bu sa­na­w dü­zü­len­de “Glo­bal Peace”, “Glo­bal Sa­fe­ty” we “Glo­bal Fi­nance” ýa­ly eda­ra­la­ryň gör­ke­zi­ji­le­ri hem na­za­ra al­nyp­dyr.