2019-njy ýyl­da dün­ýä­niň iň köp sy­ýa­hat edi­len şä­her­le­ri­niň ara­syn­da Gon­kong öň­de­li­gi eýe­le­di. Bu ba­ra­da dün­ýä ba­zar­la­ry­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy “Eu­ro­mo­ni­tor In­ter­na­tio­nal” mä­lim et­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen bir ýy­lyň için­de 26,7 mil­li­on­dan gow­rak adam Gon­kong­da bo­lan eken.

Tai­lan­dyň Bang­kok şä­he­ri bol­sa, sa­na­wyň ikin­ji or­nu­ny eýe­le­di. Bu ýer­de ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da 19,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bo­lup­dyr. Sa­na­wyň üçün­ji or­ny Lon­do­na ber­lip, 19 mil­li­on­dan gow­rak adam bu şä­he­re ge­lip­dir. On­dan soň­ky orun­lar­da bol­sa, Ma­kao, Sin­ga­pur, Pa­riž, Du­baý, Nýu-Ýork, Kua­la-Lum­pur we Stam­bul gel­ýär. Ýe­ri ge­len­de ýat­lap geç­sek, Gon­kong 2017-nji ýyl­da hem dün­ýä­niň iň gelim-gidimli şä­he­ri diý­lip yg­lan edi­lip­di.