Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri Sanna Mariniň işläp düzen meýilnamasyna laýyklykda, ýurtda alty sagatlyk we dört günlük iş hepdesi giriziler. – Bu düzgün raýatlara maşgalasy bilen wagtyny has köpräk geçirmäge mümkinçilik berer – diýip, 34 ýaşly dünýäniň iň ýaş Premýer-ministri Sanna Marin belledi. Häzirki wagtda Finlýandiýada kadaly iş düzgüni günde sekiz sagat, hepdede bolsa 5 gün bolup durýar. Ýöne Finlýandiýanyň täze Premýer-ministri ýurtda dört günlük iş hepdesini we alty sagatlyk iş gününi öz içine alýan täze düzgüniň girizilmegini öňe sürýär.
– Men adamlaryň wagtynyň köp bölegini maşgalasy, halaýan güýmenjeleri we medeniýetli dynç alyş ýaly beýleki ugurlara sarp etmelidigine ynanýaryn. Megerem, bu biziň iş endigimizde täze ädim bolar – diýip, fin hökümetiniň ýolbaşçysy Sanna Marin belledi.
Ýatlap geçsek, Sanna Marin 2019-njy ýylyň ahyrynda dolandyryjy bileleşige baştutanlyk edýän fin Sosial-demokratik partiýasynyň saýlawlarynda ýeňiş gazanypdy. Ol Premýer-ministr wezipesini eýelemezden ozal, ýurduň Ulag ministrligine ýolbaşçylyk edipdi.