5-nji ýanwarda Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Harbin şäherinde 35-nji halkara gar we buz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk feýerwerki bilen başlan bu çäre 28-nji fewrala çenli dowam eder. Dünýäniň iň iri buz şäheri 600 müň inedördül metr çäklerde ýaýbaňlandyrylyp, buzdan edilen 2 müňden gowrak desga bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Her bir heýkel dürli çyralaryň kömegi bilen içinden ýagtylandyrylypdyr. Bu ýyl derýadan 120 000 kub metr möçberinde buz bölekleri çykarylyp, olardan dürli buz heýkeller gurlupdyr. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, ähli heýkeller 15 günüň dowamynda gurlup, olary dikeltmegiň üstünde 10 müňden gowrak heýkeltaraş işledi.
Harbin dünýäniň buz we gar desgalaryny gurmak boýunça dünýäniň iri merkezleriniň biri hasaplanýar. Bu festiwal 1963-nji ýyldan bäri geçirilip, gar we buz bilen baglanyşykly guralýan dört sany iri gyşky baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Olaryň beýleki üçüsi Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde, Kanadanyň Kwebek welaýatynda hem-de Norwegiýada geçirilýär.
Şeýle hem, Harbinde geçirilen bu gezekki festiwalda birbada 43 sany ýaş juwan nikalaşdy. Bu ýerde köpçülikleýin nika däbi indi 35 ýyl bäri dowam edip gelýär. Bu ýere gelip, nika däplerini geçirmäge isleg bildirýän ýaş çatynjalaryň sany barha artýar.