Mal­ta­nyň do­lan­dy­ry­jy Leý­bo­ris­tik par­ti­ýa­sy­nyň 12-nji ýan­war­da ge­çi­ri­len saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri mä­lim edi­len­den soň, Ro­bert Abe­la bu par­ti­ýa­nyň tä­ze li­de­ri we ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri bol­dy. Ol öz bäs­de­şi, Prem­ýer-mi­nist­riň orun­ba­sa­ry Kris Fern­den ynam­ly ýe­ňiş ga­za­nyp, do­lan­dy­ry­jy Leý­bo­ris­tik par­ti­ýa­nyň li­de­ri bol­dy.

Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 13 ilat­ly no­kat­da ge­çi­ri­len ses ber­li­şi­ge Leý­bo­ris­tik par­ti­ýa­nyň 17,5 müň ag­za­syn­dan 16,2 müň ag­za­sy gat­na­şyp, gat­na­şyk 92,5 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ses­ler sa­na­lan­dan so­ňra, Ro­bert Abe­la­nyň 57,9 gö­te­rim, onuň bäs­de­şi Kris Fer­niň hem 42 gö­te­rim se­se eýe bo­lan­dy­gy bel­li bol­dy. Mal­ta­nyň saý­law ul­gam­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si­ni do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa­nyň li­de­ri eýe­le­ýär. Ol Jo­zef Mus­ka­tyň ýe­ri­ne hö­kü­me­tiň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni eýe­le­di. 42 ýaş­ly Ro­bert Abe­la bi­li­mi bo­ýun­ça hu­kuk­çy bo­lup, 2009-2014-nji ýyl­lar­da ýur­duň Pre­zi­den­ti bo­lan Jorj Abe­la­nyň og­lu­dyr. 2017-nji ýyl­dan baş­lap, ol Mal­ta­nyň Par­la­men­ti­niň ag­za­sy bol­dy.

Ýat­lap geç­sek, 2019-njy ýy­lyň 1-nji de­kab­ryn­da Jo­zef Mus­kat 2020-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Leý­bo­ris­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we Mal­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri we­zi­pe­le­rin­den çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. Mal­ta­nyň Leý­bo­ris­tik par­ti­ýa­sy 2013-nji we 2017-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.

13-nji ýan­war­da Mal­ta­nyň tä­ze saý­la­nan Prem­ýer-mi­nist­ri Ro­bert Abe­la ka­sam ka­bul edip, we­zi­pe­si­ne gi­riş­di. Ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­sy ýur­duň paý­tag­ty Wal­let­ta­da ge­çi­ril­di. Oňa ýur­duň Pre­zi­den­ti Jorj Wil­ýam Wel­la we tä­ze hö­kü­me­tiň baş­ly­gy­nyň maş­ga­la ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar. Or­ta ýer deň­zin­dä­ki ada­da ýer­leş­ýän Mal­ta Res­pub­li­ka­sy 2004-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bo­lup, ila­ty 493 müň 559 ada­ma deň­dir.