2020-nji ýyl­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň paý­tag­ty Lis­sa­bon “Ýew­ro­pa­nyň ýa­şyl paý­tag­ty” de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şeý­le ada eýe bol­mak üçin, Ýew­ro­pa­nyň 30 şä­he­ri bäs­leş­di­. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça ko­mi­te­ti Lis­sa­bo­nyň Ýew­ro­pa­nyň köp san­ly şä­her­le­ri üçin nus­ga­lyk şä­her­di­gi­ni öňe sür­di. Bi­ler­men­ler Lis­sa­bo­nyň yk­dy­sa­dy ösüş we dur­nuk­ly­lyk ba­bat­da deň de­re­je­de ösüş ga­zan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Bu at ug­run­da­ky bäs­le­şik­de Lis­sa­bon Bel­gi­ýa­nyň Gent we Finl­ýan­di­ýa­nyň Lah­ti şä­her­le­rin­den öňe saý­lan­dy. Lis­sa­bon ga­za­nan üs­tün­li­gi­ne ba­gyş­lap, şu ýy­lyň do­wa­myn­da şä­her­de agaç­la­ry we eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len dür­li çä­re­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. “Ýew­ro­pa­nyň ýa­şyl paý­tag­ty” de­re­je­si her ýyl­da ila­ty 100 müň­den ge­çen Ýew­ro­pa­nyň bir şä­he­ri­ne eko­lo­gi­ýa, so­si­al we yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­lyk ýa­ly ýag­daý­lary na­za­ra al­nyp, be­ril­ýär.

Lis­sa­bon Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň baş­lan­gy­jy­na go­şu­lan il­kin­ji Ýew­ro­pa paý­tag­ty bo­lup, 2016-njy ýyl­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ne gar­şy gö­reş we ener­gi­ýa bo­ýun­ça şä­her hä­kim­le­ri­niň yla­la­şy­gy­na gol çek­di. Eý­ýäm şu döw­re çen­li Lis­sa­bon kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa zy­ňyl­ma­gy­nyň muk­da­ry­ny 50 gö­te­rim, ener­gi­ýa­nyň sarp edi­li­şi­ni 23 gö­te­rim, su­wuň ula­ny­ly­şy­ny 17 gö­te­rim azal­dyp­dy. Şä­he­riň jem­gy­ýet­çi­lik ula­gy­nyň 39 gö­te­ri­mi elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär. 2019-njy ýyl­da “Ýew­ro­pa­nyň ýa­şyl paý­tag­ty” de­re­je­si­ne Nor­we­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Os­lo şä­he­ri eýe bo­lup­dy.