Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigi şu ýyl Hindistan bilen erkin söwda zolagy barada ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Ýewraziýanyň ykdysady bileleşiginiň başlygy Tigran Sarkisýan mälim etdi. Mundan başga-da, ÝAYB Müsür we Ysraýyl bilen erkin söwda zolagy barada gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär.
– Erkin söwda zolagyny döretmegiň uly gelejegi bar; bir tarapdan ol biziň bileleşigimizi berkidýär, beýleki bir tarapdan bolsa, biziň ykdysady kuwwatymyzyň gerimini has-da giňeldýär – diýip, Sarkisýan aýtdy.
Ýewraziýanyň ykdysady toparynyň söwda boýunça ministri Weronika Nikişina eýýäm geçen ýylyň iýun aýynda bileleşigiň 2020-nji ýylda Ysraýyl we Müsür bilen erkin söwda zolagy barada ylalaşyk gazanjakdygyny aýdypdy.
Ýewraziýanyň ykdysady bileleşigi 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň düzümine Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyz Respublikasy girýär. Häzirki wagtda Müsür, Ysraýyl we Hindistan bilen erkin söwda zolagyny döretmek baradaky gepleşikler alnyp barylýar. Bu baradaky ylalaşyk Singapur bilen geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda, Serbiýa bilen 25-nji oktýabrynda baglaşylyp, Wýetnam bilen 2016-njy ýyldan bäri hereket edýär.