Germaniýanyň Bundestagynyň (parlament) 2020-nji ýyl üçin tassyklan býujeti çagalar baglaryna, jemgyýetçilik ulagyna we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen maliýe serişdelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň şu ýylky sarp etmeli maliýe serişdeleri rekord derejäni görkezýär. Şu ýyl Germaniýanyň umumy döwlet býujeti 362 milliard ýewro bolup, 2019-njy ýyla garanyňda 5,6 milliard ýewro köpdür.
Şu ýylyň býujetiniň 45,05 milliard ýewrosy harby çykdajylara gönükdirildi. Täze býujetiň 12 göterime golaýy, ýagny, 42,9 milliard ýewrosy gurluşyga, ýol gurluşygyna, welosiped ýodalaryna, çagalar baglaryna, mekdepleri sanlylaşdyrmak we oba ýerlerindäki mobil aragatnaşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Germaniýanyň býujetiniň has uly bölegi Zähmet we sosial syýasat ministrligine bölünip berildi. Býujetiň 150 milliardy ministrligiň ygtyýaryna berlip, onuň 100 milliard töweregi pensiýa haklary üçin ulanylar.
Mundan başga-da ýurduň Maliýe ministrligi eýýäm 6 ýyldan bäri býujetiň artyp galýandygyny mälim etdi. 2019-njy ýylda býujet 13,5 milliard ýewro artyp, ýurduň taryhynda iň ýokary görkezijidir. Häzirki wagtda ýurduň Maliýe ministrliginde artykmaç puluň nirä sarp edilmelidigi barada maslahatlaşylýar.