Şeýle hem foruma dürli guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşyp, olaryň arasynda BMG-niň baş sekretary Antoniu Guterreş, Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristalina Georgiýewa, Bütindünýä söwda guramasynyň baş direktory Azewedu Robertu, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlygy Tedros Adhanom, OPEK-iň başlygy Mohammed Saleh bar.
Ýewropanyň senasy bilen öz işine başlan forumy Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen açdy. Forumyň birinji gününde söwda, ekologiýa, kiberhowpsuzlyk, geosyýasat, tehnologiýanyň ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. ABŞ-nyň Prezidenti çykyşynyň başynda ýurdunyň milli ykdysadyýetiniň barha ösýändigini, özüniň Prezidentlik döwründe 7 million iş ýeriniň döredilendigini mälim etdi. Donald Tramp ABŞ-nyň Ýer ýüzünde bir trillion agaç ekmek baradaky Dawosyň global başlangyjyna goşulýandygyny aýtdy.
Şwesiýaly ekologiýa boýunça işleýän mekdep okuwçysy Greta Tunbergiň daşky gurşawa taşlanýan zyýanly galyndylaryň möçberini azaltmak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreş bilen bagly batyrgaý çykyşy köpleriň göwnünden turdy.
Dawos forumy hökümete degişli bolmadyk gurama bolup, oňa dünýäniň müňlerçe iri kompaniýalary girýär. Bu forum 1971-nji ýylda nemes ykdysatçysy Klaus Şwab tarapyndan esaslandyrylyp, Ýewropa kompaniýalarynyň dolandyryjylyk işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Forum 1987-nji ýylda häzirki adyna eýe bolýar, 2015-nji ýylda halkara guramasy hökmünde ykrar edilýär. Bu üç günlük çärede 600-e golaý ýolbaşçy çykyş etdi. Adatça, foruma gatnaşyjylar ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Soňky 30 ýylyň dowamynda ol global meseleleri çözmek üçin möhüm çäreleriň biri boldy.
Şu ýyl onuň mowzugy durnukly ösüşe bagyşlanyp, “Jebis we durnukly dünýä üçin gyzyklanýan taraplar” şygary astynda geçirildi. Forumda “Ýer togalagyny nädip goramaly?”, “Jemgyýet we zähmetiň geljegi”, “Bähbit ugrunda tehnologiýa”, “Adalatly ykdysadyýet” we “Sagdyn gelejek” ýaly birnäçe ugurlar boýunça çykyşlar boldy. Şeýle hem forumyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreş, biodürlüligi goramak we başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dawosda geçirilýän bu ykdysady forumda adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry-aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi, forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Islendik meseläni resmi däl ýagdaýda maslahatlaşmak mümkinçiligi forumyň iň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň müňden gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýarlar. Şeýle hem guramanyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygy baradaky hasabatlary her ýylda mälim edip durýarlar. Onuň býujeti foruma gatnaşyjylaryň geçirýän agzalyk gatançlarynyň we serişdeleriniň hasabyna döredilendir.
21-24-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde Bütindünýä ykdysady forumy geçirildi. 50-nji gezek geçirilen foruma köp sanly dünýä liderleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, işewürler, alymlar gatnaşdylar. Ykdysady forumyň işine jemi 118 döwletden üç müň töweregi adam, şol sanda 53 döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdylar. Olaryň arasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Awstriýanyň Premýer-ministri Sebastýan Kurs, Yragyň Prezidenti Barham Saleh, Niderlandlaryň Premýer-ministri Mark Rýutte, Polşanyň Prezidenti Anjeý Duda, Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bar.