– Tä­ze hö­kü­me­tiň dü­zü­min­de öň­ki ýol­baş­çy­la­ryň ag­la­ba­sy­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, köp ba­bat­da oý­la­ny­şyk­ly dü­zül­di – di­ýip, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin bel­le­di. Wla­di­mir Pu­tin tä­ze hö­kü­me­te uly ynam bil­di­rip, Prem­ýer-mi­nistr Mi­ha­il Mi­şus­ti­ne tä­ze işin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tä­ze hö­kü­me­ti­ne ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji hä­ki­mi­ýe­tiň fe­de­ral eda­ra­lar ba­ra­da­ky ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­gy tab­şyr­dy.

Mi­ha­il Mi­şus­tin öz no­ba­tyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň tä­ze hö­kü­me­ti­ne üs­tün­lik ar­zuw edip, tä­ze dü­zü­miň Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň we hal­kyň yna­my­ny öde­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

– Tä­ze Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­niň dep­gin­le­ri­ni art­dyr­ma­ga we rus­si­ýa­ly­la­ryň mad­dy hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga ta­gal­la et­me­li­dir. Mu­nuň üçin il­ki te­le­ke­çi­lik­de çyn­la­kaý öz­ge­riş­lik­ler gi­riz­mä­ge ta­gal­la edip, tä­ze ma­ýa go­ýum şert­le­ri­ni dö­ret­me­li – di­ýip, Mi­ha­il Mi­şus­tin bel­le­di.

Krem­liň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ryn­da Prem­ýer-mi­nistr Mi­ha­il Mi­şus­ti­niň 9 orun­ba­sa­ry­nyň bel­le­nen­di­gi ha­bar be­ril­ýär.

Ser­geý Law­row 2004-nji ýyl­dan bä­ri al­tyn­jy ge­zek da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de gal­dy. Ser­geý Şoý­gu go­ran­mak mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de, Wla­di­mir Ko­lo­kol­sew içe­ri iş­ler mi­nist­ri we­zi­pe­sin­de gal­dy. Pre­zi­den­tiň Ka­ra­ry esa­syn­da ener­ge­ti­ka mi­nist­ri Alek­sandr No­wak, ma­li­ýe mi­nist­ri An­ton Si­lua­now, se­na­gat we söw­da mi­nist­ri De­nis Man­tu­row, ulag­lar mi­nist­ri Ýew­ge­niý Dit­rih, oba ho­ja­ly­gy mi­nist­ri Dmit­riý Pat­ru­şew, adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar mi­nist­ri Ýew­ge­niý Zi­niç­ew, gur­lu­şyk we ýa­şa­ýyş jaý-kom­mu­nal ho­ja­ly­gy mi­nist­ri Wla­di­mir Ýa­ku­şew ozal­ky we­zi­pe­le­rin­de gal­dy­lar.

Yk­dy­sa­dy ösüş mi­nistr­i we­zi­pe­si­ne Mak­sim Re­şet­ni­kow, san­ly ösüş, ara­gat­na­şyk we kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne Mak­sut Şa­da­ýew, zäh­met we so­si­al go­raglylyk mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne An­ton Kot­ýa­kow bel­le­nil­di. Wa­le­riý Fal­kow ylym we ýo­ka­ry bi­lim mi­nist­ri, Ser­geý Kraw­sow bi­lim mi­nist­ri, Ol­ga Lýu­bi­mo­wa me­de­ni­ýet mi­nist­ri, Oleg Ma­ty­syn sport mi­nist­ri, Mi­ha­il Mu­raş­ko sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nist­ri, Dmit­riý Ko­byl­kin te­bi­gy äti­ýaç­lyk­lar we eko­lo­gi­ýa mi­nist­ri, Alek­sandr Koz­low Uzak Gün­do­ga­ry we Ark­ti­ka­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mi­nist­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di­ler.

21-nji ýan­war­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň

tä­ze dü­zü­mi mä­lim edil­di