2019-njy ýyl­da Hy­ta­ýa gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry ge­çen iki ýylda iň ýo­ka­ry ösüş­le­ri gör­kez­di, ýö­ne ýur­duň da­şy­na gid­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry ep-es­li aza­ldy. Bu ba­ra­da HHR-iň söw­da mi­nistr­li­gi ha­bar ber­di.

Ge­çen ýyl Hy­ta­ýa gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry 5,8%, ýag­ny 136,71 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy. Şeý­le ýo­ka­ry ösüş 2017-nji ýyl­da bo­lup, 7,9% ösüş ga­za­ny­lyp­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Hy­ta­ýyň özü­niň da­şa­ry ýurt­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry 8,2%, ýag­ny 110,6 mil­liard dol­la­ra çen­li aza­lyp­dyr.

– Hy­taý gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çekmekde dün­ýä­de ikin­ji orun­da dur­ýar – di­ýip, söw­da mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Sýan Ke­min aýt­dy.

Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, umu­my möç­be­riň 13,6 gö­te­ri­min­den yba­rat bo­lan 15 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki ma­ýa go­ýum­la­ry bol­sa, “Bir gu­şak, bir ýol” tas­la­ma­sy­nyň ug­run­da­ky ýurt­la­ra gö­nük­di­ril­di. 2013-nji ýyl­da ýo­la goý­lan bu tas­la­ma Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Af­ri­ka we Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­ny port­lar, ýol­lar, ae­ro­port­lar, tur­ba ge­çi­ri­ji­ler we beý­le­ki inf­rast­ruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry bi­len bir­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.