Hytaýyň iri nebit-gaz kompaniýasy “PetroChina” 2020-nji ýylda döwletiň howanyň hapalanmagy bilen bagly göreşini güýçlendirmegi netijesinde, tebigy gazyň sarp edilişini artdyrjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Hytaýda üstümizdäki ýylda tebigy gazyň umumy sarp edilişi 8,6 göterim artyp, 330 milliard kubmetre ýeter. Şunuň bilen birlikde ýurtda tebigy gazyň çykarylyşyny 8,2 göterim artdyryp, 187,5 milliard kubmetre ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde importy 9,3 göterim artdyryp, 150 milliard kubmetre ýetirmek maksat edinilýär.
Häzirki wagtda Hytaý senagatda, ulagda we elektrik energiýasyny öndürmekde tebigy gazyň ulanylmagyny ileri tutýar. Bu maksatnama 2018-nji ýylda döwlet derejesinde zyýanly gazlaryň howany hapalamagyny azaltmak baradaky kabul edilen 3 ýyllyk meýilnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şu ýyl ýurtda tebigy gazyň ulanylyşynyň artmagy netijesinde, onuň ähli sarp edilýän energiýanyň 10 göterimini eýelemegine garaşylýar.
Bu ýagdaý iri gaz eksport ediji ýurtlara ugradýan gazynyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu ýurda Awstraliýa, Türkmenistan, Katar we Indoneziýa gaz eksport edýär. 2019-njy ýylyň ahyrynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we HHR-iň Başlygy Si Szinpin “Sibiriň güýji” atly gaz geçirijiniň işe girizilmegine badalga berdiler. Bu gaz geçiriji her ýylda hytaýly sarp edijilere 38 milliard kub metr möçberinde gaz ugratmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, 15-nji ýanwarda HHR we ABŞ söwda ylalaşygynyň 200 milliard dollarlyk birinji tapgyryny baglaşyp, oňa laýyklykda, Hytaý amerikan önümlerini, şol sanda, energetika serişdelerini satyn almagyny artdyrar. Bu ylalaşyk Hytaýyň Birleşen Ştatlardan 52,4 milliard dollar möçberindäki suwuklandyrylan gazy satyn almagyna sebäp bolar. Geçen on ýylyň içinde, 2009-njy ýylyň dekabryndan 2019-njy ýylyň dekabryna çenli Hytaý 294,6 milliard kub metr möçberinde tebigy gaz import edipdir.