Goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Oli­wer War­ge­ýi Al­ba­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol bu ýurt­la­ra eden sa­pa­ryn­dan soň­ra, şeý­le ne­ti­jä gel­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, gep­le­şik­le­re eý­ýäm şu ýy­lyň ba­ha­ryn­da gi­ri­şi­lip bil­ner.

– Biz bu ýurt­la­ryň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne go­şu­lyş­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris we bu iki ýur­dy Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne gir­mek ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­re gi­riş­mä­ge taý­ýar ha­sap­la­ýa­rys. Ýö­ne biz Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ry ynan­dyr­mak üçin köp­räk ta­gal­la et­me­li bo­la­rys. Şo­nuň üçin men Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­ny nä­dip ra­zy et­me­li­di­gi­miz ba­ra­da al­ban hä­ki­mi­ýe­ti bi­len gür­leş­mä­ge gel­dim – di­ýip, Oli­wer War­ge­ýi be­lle­di.

Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, ge­çen ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da baş­lan gep­le­şik­ler on­çak­ly öňe iler­le­me­di. Şo­ňa gö­rä, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy Al­ba­ni­ýa we De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa­ny bi­le­le­şi­ge gi­riz­mek ba­ra­da Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­na çyn­la­kaý tek­lip­le­ri ber­me­li bo­lar­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gi­ňel­dil­me­gi soň­ky wagt­lar­da dür­li se­bäp­ler­e gö­rä ha­ýal­la­dy. Ýö­ne bi­le­le­şi­ge tä­ze ag­za­la­ryň go­şu­lyş­ma­gy anyk şert­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ar­ka­ly ozal­ky­la­ry ýa­ly Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gün ter­ti­bin­de dur­ýar. Brýus­sel he­niz bu ýurt­la­ryň Bi­le­le­şi­ge gir­me­gi­niň anyk möh­let­le­ri­ni mä­lim et­me­ýär.