21-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň “Oliý Majlis”-iniň iki palatasynyň bilelikdäki maslahatynyň barşynda Abdulla Aripow Premýer-ministr wezipesine tassyklandy. Ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda, Premýer-ministriň dalaşgärligi parlamentiň kanun çykaryjy (aşaky) palatasynda has köp deputat ornuna eýe bolan Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan teklip edildi.
2019-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen saýlawlarda bu partiýa 53 deputat ornuna eýe bolup, ýurduň täze parlamentinde köpçülige eýe boldy. Liberal-demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi Abdulla Aripowyň dalaşgärligini ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň garamagyna ugratdy.
Abdulla Aripowyň hökümet baştutany wezipesine tassyklanmagy üçin gizlin ses berlişigiň barşynda aşaky palatanyň 150 deputatynyň we Senatyň 100 agzasynyň sesleriniň köpüsine eýe boldy.
Abdulla Aripow maslahatda eden çykyşynda geljek dört ýylda hökümetiň öňde goýan maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. 58 ýaşly Abdulla Aripow 2016-njy ýyldan bäri Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesini eýeläp gelýär.