Geçen ýyl Daniýa özüniň elektrik energiýasyna bolan zerurlygynyň deň ýarysyna golaýyny ýel energiýasynyň hasabyna üpjün edip, rekord goýdy. Daniýa 2019-njy ýylda energiýanyň 47 göterimini ýel beketlerinden alypdyr. 2018-nji ýylda bu görkeziji 41 göterime deň bolup, ýurtda ýel energiýasynyň sarp edilişi barha artýar.
Ýeri gelende ýatlap geçsek, Ýewropa ýurtlary ýel energiýasyny ulanmakda dünýäde öňdeligi eýeleýärler, ýöne Daniýa bu ugurda has öňe saýlanmagy başardy. “WindEurope” birleşiginiň maglumatlaryna laýyklykda, Daniýa 2018-nji ýylda energiýanyň 28 göterimini ýelden alan Irlandiýadan ep-esli öňe saýlanmagyň hötdesinden geldi. Bu birleşigiň maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşiginde ýel energiýasynyň paýy geçen ýyl umumylykda 14 göterime deň bolupdyr. Daniýada ýel energiýasynyň paýynyň barha artmagyny Demirgazyk deňzindäki “Horns Rev 3” atly ýel elektrik bekedinde şwed kompaniýasy “Vattenfall”-yň geçen ýylyň awgust aýyndan bäri bu ugurda iş alyp barmagy bilen baglanyşdyrylýar.
Mahlasy, Daniýa zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny 2030-njy ýyla çenli 70 göterime golaý azaltmaga tagalla edýär. 2019-njy ýylyň ahyrynda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmäge gönükdirilen täze karar kabul edilip, onda energiýanyň 100 göteriminiň täzelenýän çeşmelerden alynmagy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu ýurt öz çäklerinde ýel turbinalaryny öndürmek boýunça dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Vestas”-yň ýerleşýänligi bilen tanalýar. Şeýle hem patyşalygyň oňaýly howa şertleri bolup, geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri ýel energiýasyna ep-esli derejede maýa goýumlaryny gönükdirip ugrady.
Mundan ozal, “Google” amerikan korporasiýasy ýaşyl tehnologiýany ulanmak boýunça strategiýasynyň çäklerinde Ýewropadaky Gün batareýalarynyň parkyna milliard dollardan gowrak maýa goýjakdygyny habar beripdi. Korporasiýa şol parklaryň bäşisiniň Daniýada guruljakdygyny tassyklapdy.