29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça geçen ýylyň güýzünde Halk Maslahatynda kabul edilen çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde konstitusion özgertmeleriň täze tapgyrynyň yglan edilendigini, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. Bu başlangyjyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmekden hem-de şundan ugur alyp, kanun çykaryjy edaranyň iki palataly gurluşyny döretmekden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup, biz Konstitusion topary döretdik hem-de degişli resminama arkaly onuň düzümini tassykladyk diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen döwrüň içinde Toparyň iki mejlisi–birinjisi, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda we ikinjisi hem 4-nji dekabrynda geçirildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň taslamanyň üstünde işlenen döwürde Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolandygyny aýdyp, ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri we pikirleri jemlemek hem-de deslapdan seljermek boýunça netijeli işleri alyp barandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, bu işler ýurdumyzyň degişli ministrliklerinden, pudak we ylmy edaralaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden hem-de raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri hasaba almak arkaly geçirildi. Netijede, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz degişli hasabatlary bermek üçin, Konstitusion toparyň agzalaryna söz berdi. Mejlisiň barşynda Mejlisiň Başlygynyň orunbasary, Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň başlygy K.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew hem-de Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň jöwher paýhasynyň miwesidigini, bu möhüm işiň Türkmenistanyň hukuk döwleti hökmünde halkara ýörelgelerine hem-de milli gymmatlyklarymyza esaslanýan döwlet we hukuk ulgamyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Aýdylanlary diňläp we Mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, milli Liderimiz şu günki mejlisiň esasy maksadynyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” Konstitusion Kanunyň taslamasyny deslapdan ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz geçen gysga döwrüň dowamynda Konstitusion toparyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ministrler Kabinetiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň ýurdumyzyň raýatlary bilen bilelikde Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri hasaba almakda zerur işleri geçirendiklerini kanagatlanma bilen belledi.
Şeýlelikde, gelip gowuşýan köp sanly tekliplere laýyklykda, wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýet bolup durýan iki palataly edaranyň bütewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek hakyndaky başlangyjymyz gyzgyn goldaw tapdy. Konstitusion topara gelip gowuşýan teklipler bilen baglylykda we iki palataly parlamenti bolan ýurtlaryň tejribesini nazara alyp, döwlet Baştutanymyz Milli Parlamenti Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çykaryjy palatasyny – Mejlis, wekilçilikli palatasyny bolsa – Halk Maslahaty diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sany 56 adamdan ybarat bolmaly diýlip kesgitlense, maksadalaýyk bolar diýip aýtdy. Şonuň ýaly-da, Esasy Kanunymyzda jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden deň derejede, ýagny 8 adam Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýandygyny görkezmeli.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan hem-de döwlet we jemgyýetçilik işleriniň dürli ugurlarynda aýratyn hyzmatlary bitiren, uly abraýly raýatlaryň arasyndan bu düzüme 8 agzanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýändigi görkezilse, dogry boljakdygyna ünsi çekdi.
Halk Maslahatynyň agzalygyna 30 ýaşy dolan, ýokary bilimli, soňky on ýylyň dowamynda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty 5 ýyl möhlete saýlanyp we bellenip bilner diýlip Konstitusiýanyň taslamasynda görkezilse, maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Mejlis barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzda onuň kanun çykaryjylyk işini anyk guramakda toplanan oňyn tejribe esasynda deputatlaryň sany we ygtyýarlyk möhletleri baradaky konstitusion kadalar ozalkysy ýaly galdyrylsa, dogry bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Häzirki döwürde wekilçilikli edaralaryň Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldan ybaratdyr.
Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna palatalaryň mejlisleriniň aýratynlykda geçirilýändigi baradaky kada girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Dünýäniň köp ýurtlarynyň tejribesine görä, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, kada bolşy ýaly, onuň ygtyýarlyklary Parlamentiň wekilçilikli palatasynyň Başlygyna geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýändigini Esasy Kanunymyzda beýan etsek, dogry boljakdygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, Içeri işler we Adalat ministrlerini Halk Maslahatynyň razylygyny almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä belleýändigini hem-de wezipeden boşadýandygyny görkezilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunyň taslamasyndaky Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary barada hem durup geçip, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky” Konstitusion Kanuny ähli halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde fewral aýynyň dowamynda dolulygyna çap etmegi teklip etdi.
Hil taýdan täze iki palataly Parlament gurluşyna geçilmegi bilen baglylykda, Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk eder diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bu bolsa, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýe bolar. Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.