Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini berkiden taryhy Kararnama 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda halkara jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda kabul edilip, biziň ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi.
Munuň özi uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden ýokary taryhy wajyplygy bolan üýtgeşik waka bolup, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň belent maksatlaryny ileri tutan häzirki zaman türkmen döwletiniň ykdysady ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy. Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistan bilen bütin dünýäniň ýakyndan tanyşmagyna ýardam etdi hem-de onuň Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen hyzmatdaşlyga açykdygyny görkezdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe sebitde däl, eýsem bütin dünýäde geosyýasy, geoykdysady we ynsanperwer ähmiýetli döwletler, aýratynam abraýly halkara guramalary tarapyndan ykrar edilýär. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynama, hormata eýe bolan Türkmenistan hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleriniň serişdelerini peýdalanyp, Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, özüniň ägirt uly parahatçylyk döredijilik mümkinçiligini doly güýjünde durmuşa geçirip başlady. Biziň ýurdumyzyň sebit ösüşini gazanmakda, hususan-da, ýakyn goňşy döwletlere ýardam bermekde, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ykdysady ösüşine ýardam bermekde özüniň mynasyp goşandyny goşdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň 193-si tarapyndan ýene-de bir adybir Kararnama biragyzdan kabul edildi. 20 ýylyň içinde Bitaraplygyň toplanan oňyn tejribesini özünde jemleýän bu möhüm köptaraplaýyn resminamanyň kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň ykrar edilmeginiň ýene-de bir ajaýyp tassyknamasydyr. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, döwletleriň arasynda ykdysady, medeni, ynsanperwer hyzmatdaşlyklary işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň tutýan orny 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda ýörite çözgüdiniň kabul edilmegi munuň aýdyň şaýady boldy.
Daşary syýasatymyzyň özeni bolan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ähli döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge hem amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem döwletimiz ähli ýurtlar bilen deňhukukly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary barha ösdürip, 100-den gowrak döwlet bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar. Netijede, ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklary artyp, oňyn ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge giň şertler döredildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki, oňyn Bitaraplyk milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan möhüm özgertmeleri hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň örän uly döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hemme ýurtlar bilen netijeli ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup durýar. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýanyň mazmunynda hem sebiti ösdürmäge ýardam berýän, sebitdäki özara baglanyşygy üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taraplarynyň möhüm ähmiýeti aýratyn bellenilip, energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag hem-de üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge degişli Türkmenistanyň başlangyçlarynyň goldanylýandygy beýan edilýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan öz geoykdysady işjeňligi bilen Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde durnukly ösüşi, şeýle hem ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginleriniň durnukly ýagdaýda saklanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ykdysady strategiýasynyň netijesinde ýokary makroykdysady görkezijiler gazanylýar. Şeýle belent sepgitlere ýetmekde ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum syýasatyna möhüm orun degişlidir. Durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerini özünde jemleýän ýurdumyzda içerki maýa goýumlaryndan başga-da, daşary ýurt maýa goýumlarynyň JIÖ-däki paýy barha ýokarlanýar. Durnukly ýokary ösüş depginleri hem-de baý tebigy serişdeleriň bolmagy, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şert döredilmegi, yzygiderli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýy daşary ýurt maýadarlary üçin amatly maýa goýmak üçin hakyky mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda döredilýän häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklary milli senagatymyzyň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine, dünýä bazarlarynda islegden peýdalanýan, bäsleşige ukyply taýýar önümleriň jemi içerki önümiň düzüminde we eksportda paýynyň ýokarlanmagyna aýgytly täsir edýär. Munuň özi bolsa, maýa goýum diplomatiýasynyň esasynda innowasion ykdysady ösüşi kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalary, şol sanda ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmek hem-de ýurdumyzda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça maksatnamalar innowasiýalaryň, täze ylmy-tehniki işläp düzmeleriň, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny ugur edinýär. Şunda dünýäniň işewür we maliýe toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ähmiýet berlip, eýýäm üstünlikli işleýän birnäçe işewür toparlar hem döredildi.
Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 27-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda 2019-njy ýylyň jemlerine baha berip, onuň ýurdumyz üçin netijeli ýyl bolandygyny belläp, şonda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ortaça 6,3 göterim derejede bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Ählumumy durnukly ösüşi we rowaçlygy gazanmak maksatlarynda Türkmenistan döwletimiziň halkara ähmiýetli iri birnäçe wajyp taslamalaryň başyny başlandygyny buýsanç bilen aýtmak gerek. Ýurdumyzyň bu babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.
Ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldap, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, şeýle hem 2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýalarynyň, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda”, 2017-nji ýylyň dekabrynda “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde geoykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde dünýä döwletleri tarapyndan giň goldawa mynasyp bolýandygynyň subutnamasydyr. Munuň özi parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna global we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň alyp barýan işleriniň ykrarnamasydyr.
Halkara gatnaşyklaryň garaşsyz subýekti hökmünde Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmegiň nukdaýnazaryndan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň strategik ähmiýeti örän uludyr. Türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň belleniljek 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmeginde uly many bar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, umumadamzat jemgyýetiniň tutuş dünýäde dabaralandyrmak isleýän hoşmeýliniň nyşany hökmünde kabul edildi. Bu gün bitaraplyk we parahatçylyk, halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmak aýrylmaz baglanyşykly düşünjeler bolup, olar bir-birini şertlendirýär.
Umuman, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň milli ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” hem daşary-ykdysady syýasaty durmuşa geçirmegiň ugurlary aýratyn bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary-ykdysady strategiýasyny syýasy-diplomatik taýdan üpjün etmek üçin amatly halkara şertler döredilýär. Şeýlelikde, oňyn Bitaraplygyň türkmen milli nusgasy howpsuzlygyň, hyzmatdaşlygyň we ösüşiň nusgasy hökmünde bellenmäge mynasypdyr.
Akmuhammet Jumagulyýew,
Begmyrat Ataýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary.