“TurS­tat” at­ly in­ter­net por­ta­ly 2019-njy ýyl bo­ýun­ça iň köp ge­ze­lenç edi­len mu­zeý­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Şol sa­na­wyň il­kin­ji on­lu­gyn­da Pa­ri­žiň, Pe­ki­niň, Wa­şing­to­nyň, Nýu-Ýor­kuň hem-de Lon­do­nyň mu­zeý­le­ri öz ady­ny ýaz­dyr­dy. Mu­ze­ýe gel­ýän­le­riň sa­ny bo­ýun­ça dü­zü­len sa­na­wy dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Luwr (Pa­riž) – 9,6 mil­li­on adam: 2019-njy ýyl­da dün­ýä bel­li Luwr mu­ze­ýi 9,6 mil­li­on ada­my ka­bul et­di. Mu­ze­ýe gel­ýän­le­riň sa­ny­nyň 25 gö­te­ri­mi­ni fran­si­ýa­ly­lar, 75 gö­te­ri­mi­ni bol­sa da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar eýe­le­di.
Hy­ta­ýyň mil­li mu­ze­ýi (Pe­kin) – 8,6 million adam: Pe­kin şä­he­rin­dä­ki bu mu­zeý he­mi­şe köp adam­ly. Bu ýer­de 620 müň­den gow­rak gym­mat ba­ha­ly eser­ler jem­le­nip, olar ýur­duň ta­ry­hy­nyň has ir­ki dö­wür­le­rin­den baş­lap, hä­zir­ki gü­ne çen­li döw­rü­ni gur­şap al­ýar.
As­man gi­ňiş­li­gi we ast­ro­naw­ti­ka bo­ýun­ça mil­li mu­zeý (Wa­şing­ton) – 8 mil­li­on adam: Smit­son ins­ti­tu­ty­nyň mu­zeý­le­ri­niň bi­ri bo­lan bu mu­zeý ta­ry­hy uçar­la­ryň we kos­mos en­jam­la­ry­nyň bir ýer­de jem­le­nen iň uly gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýär.
Met­ro­po­li­ten (Nýu-Ýork) – 7,4 mil­li­on adam: hä­zir­ki wagt­da mu­ze­ýiň gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da 2 mil­li­on­dan gow­rak eser bar. Bu muzeýde dür­li gör­nüş­dä­ki eser­le­re duş gel­mek bol­ýar.
“Pe­ter­gof” (Sankt-Pe­ter­burg) – 6,3 mil­li­on adam: Sankt-Pe­ter­burg­da­ky “Pe­ter­gof” döw­let mu­zeý-go­rag­ha­na­sy­na ge­ze­lenç eden myh­man­la­ryň 60 gö­te­ri­mi rus ra­ýat­la­ry, ga­lan 40 gö­te­ri­mi bol­sa da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry­dyr.
“Ta­te Mo­dern” hä­zir­ki za­man sun­ga­ty ga­le­re­ýa­sy (Lon­don) – 5,9 mil­li­on adam: Lon­don şä­he­rin­dä­ki bu ga­le­re­ýa 1500-nji ýyl­dan hä­zir­ki gü­ne çen­li Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň sun­ga­ty­ny açyp gör­kez­ýär. On­da hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sun­ga­ta de­giş­li eser­ler hem ýer­leş­di­ri­len­dir.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ta­ry­hy-ar­heo­lo­gi­ýa mu­ze­ýi (Lon­don) – 5,8 mil­li­on adam: bu ýer­de ýur­duň ta­ry­hy­na de­giş­li gym­mat ba­ha­ly ta­pyn­dy­lar ýer­leş­di­ri­len­dir. Mu­zeý­de dür­li ga­dy­my su­rat­lar, şa­ýy pul­lar, ki­tap­lar sak­lan­ýar.
Mil­li ga­le­re­ýa (Lon­don) – 5,7 mil­li­on adam: bu sun­gat oja­gy Lon­don şä­he­ri­niň meş­hur Tra­fal­gar meý­da­nyn­da ýer­leş­ýär. On­da XIII-XX asyr­la­ry öz içi­ne al­ýan 2000-den gow­rak sun­gat eser­le­ri ýer­leş­di­ri­len­dir.
Te­bi­gat ylym­la­ry mu­ze­ýi (Lon­don) – 5,3 mil­li­on adam: Lon­don şä­he­rin­dä­ki iň uly 3 mu­ze­ýiň bi­ri­dir. Bu ýer­de bo­ta­ni­ka de­giş­li 70 mil­li­on, zoo­lo­gi­ýa de­giş­li bol­sa 55 mil­li­on gym­mat­ly eser bar.
Mil­li ta­ryh mu­ze­ýi (Wa­şing­ton) – 4,8 mil­li­on adam: bu me­de­ni­ýet oja­gy 1910-njy ýyl­da dö­re­dil­di. Ol hem Smit­son ins­ti­tu­ty­nyň ga­ra­ma­gyn­da­dyr.