27-nji ýan­war – 1-nji few­ral ara­ly­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­nyň Fa­ro şä­he­rin­de köp sanly bi­ler­me­niň gat­naş­ma­gyn­da ho­wa­nyň äh­lu­mu­my üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra bi­ler­men­ler to­pa­ry ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan mas­la­hat Al­gar­we uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ril­di.

Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra bi­ler­men­ler to­pa­ry 60 ýur­duň hü­när­men­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ekoul­ga­ma we adam­za­dyň işi­ne ýe­tir­ýän ýa­ra­maz tä­sir­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat taý­ýar­la­ýar. Mas­la­hat­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly ýü­ze çyk­ýan zy­ýan­ly tä­sir­le­ri azalt­mak bo­ýun­ça me­se­le­le­re ga­ral­dy.

Şeý­le hem, mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­gy­ny azalt­mak bo­ýun­ça Pa­riž yla­la­şy­gy­nyň ber­jaý edi­li­şin­dä­ki öňe gi­diş­lik­ler ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar. Glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gy 2°C derejeden aşak we ony 1,5°C derejä çen­li çäk­len­dir­mek Pa­riž yla­la­şy­gy­nyň esa­sy mak­sat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra bi­ler­men­ler to­pa­ry 2007-nji ýyl­da No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na eýe bo­lup­dy.

Bu gu­ra­ma (In­ter­govern­men­tal Pa­nel on Cli­ma­te Chan­ge, IPCC) teh­no­gen fak­tor­lar (ada­myň işi) se­bäp­li, ho­wa­nyň äh­lu­mu­my üýt­ge­me­gi­niň we­him­le­ri­ne ba­ha ber­mek mak­sa­dy bi­len 1988-nji ýyl­da dö­re­dil­ip, Bü­tin­dün­ýä me­teo­ro­lo­gik gu­ra­ma­sy we BMG-niň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy.