Internet arkaly myhmanhanalarda ýer aýyrtmak hyzmatlaryny amala aşyrýan “Booking.com” edarasynyň bilermenleri dünýäniň iň myhmansöýer ýerleriniň sanawyny düzdi.
Sanawyň başyny Türkiýäniň Göreme şäherçesi çekip, bu ýer “Peri tüsseçykarlary” atly üýtgeşik tebigy gaýalary hem-de her günde asmana göterilýän howa şarlary bilen giňden meşhurlyk gazandy.
Ikinji orny Slowakiýanyň Wisoke-Tatry şäherindäki özboluşly Tatranska Lomnisa etraby eýeläp, ol ýerden buzluk kölüň, Tatry milli seýilgähiniň we Obrowskiý şaglawugynyň ajaýyp manzarasy açylýar.
Sanawda Wýetnamyň Fongnýa milli seýilgähi üçünji orny eýeledi. Bu ýer özüniň ümmülmez şaly ekilen meýdanlary hem-de ýabany tebigaty bilen jahankeşdeleri haýrana goýýar.
Şeýle hem, sanawyň bäşinji ornuny möwç urup, daşyp akýan derýalary bilen Sloweniýanyň Kobarid şäheri hem-de taryhy binagärligi we üzümlikleri bilen tanalýan Germaniýanyň Kohem şäheri eýeleýär.