Horwatiýanyň Rieka şäheri 2020-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagty hukugyna eýe boldy. Rieka özüniň köp asyrlyk taryhy we iri porty bilen giňden tanalyp, Horwatiýanyň üçünji uly şäheri bolup durýar. Ýewropa komissiýasynyň demokratiýa we demografiýa meseleleri boýunça başlygynyň orunbasary Dubrawka Şuýsa şäheriň meri Woýko Obersnele memorial tagtajygy gowşurdy.
Bu ýerde ýylyň dowamynda sergiler, konsertler, gezelençler, opera sahnalary we kitap ýarmarkalary ýaly 600-den gowrak çäre geçirmek meýilleşdirilýär. Maksatnamany taýýarlamaga dünýäniň 40 ýurdundan 250-den gowrak gurama gatnaşdy.
Çäreleriň maksatnamasy suw, zähmet we migrasiýa ýaly üç mowzuga bölünip, olar Riekanyň taryhy döwürleri bilen Ýewropanyň häzirki durmuşynyň özara baglanyşygyny beýan edýän alamatlar hökmünde saýlanyp alyndy.