Ba­har şu ýyl ir geler. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Pen­sil­wa­ni­ýa şta­ty­nyň Pank­sa­to­ni şä­her­çe­sin­de “halk me­teo­ro­lo­gy” ha­sap­lan­ýan jandaryň – su­ro­kyň he­re­ket­le­ri içgin syn­la­nan­dan soň ha­bar be­ril­di. Müň­ler­çe ja­han­keş­de­le­riň we ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da “Su­rok klu­by­nyň” we­kil­le­ri gyşyna uka gidýän gem­ri­ji­ler maş­ga­la­syndan bolan bu jandary sü­re­nin­den çy­ka­ryp, onuň he­re­ket­le­ri­ni syn­la­dy­lar. Öň­den gel­ýän yry­ma gö­rä, eger-de, bu jan­dar öz kö­le­ge­sin­den gor­kup, gizlenjek bolsa, on­da gyş ýe­ne-de 6 hep­de do­wam eder. Eger-de onuň öz kö­le­ge­si bi­len işi bol­ma­sa, on­da ir gel­jek ba­ha­ra ga­ra­şy­ber­me­li.

Öň­den gel­ýän däp-des­sur­la­ra eýe­ri­lip, gem­ri­ji­niň he­re­ket­le­ri syn­la­ny­lan­dan soň, ba­ha­ryň ge­lip-gel­män­di­gi anyk­la­nyl­ýar. ABŞ-nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mil­li mag­lu­mat mer­ke­zi­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, soň­ky 10 ýyl­da surokyň “çak­la­ma­la­ry­nyň” 40 gö­te­ri­mi ama­la aş­dy. ABŞ-da Su­rok gü­ni 2-nji few­ral­da bel­le­nip ge­çil­ýär.