Ýewropa Bileleşigi mundan beýläk ýaşyl tehnologiýa geçmegi meýilleşdirýär. Şu maksat bilen Brýusselde howanyň üýtgemegine garşy göreşiň çäklerinde “Adalatly geçiş gaznasy” esaslandyryldy. Bu gazna 7,5 milliard ýewro möçberindäki pul serişdelerini öz içine alyp, Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurdunyň kömre baglylykdan halas bolmagyna ýardam bermek maksady bilen meýilleşdirildi. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi.
Umumylykda alanyňda, Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli “ýaşyl ylalaşyk” diýlip atlandyrylýan taslamany amala aşyrmak üçin 1 trillion ýewro harç etmegi niýet edinýär. Bu taslama amala aşyrylsa, zyýanly gazlaryň howa goýberilmeginiň görnetin azaljakdygy çak edilýär. Ýewropa Komissiýasynyň meýilnamalary, esasan, ulag we energetika pudagynda arassa tehnologiýalara geçmegi göz öňünde tutýar.