Hindistan milli girdejisini 2024-nji ýylda 5 trillion dollara çenli ösdürmek maksady bilen ýakyn bäş ýylda infrastrukturasynyň ösüşine 1,4 trillion dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hindistanyň maliýe ministri Nirmala Sitharaman mälim etdi.
Maliýe edarasynyň ýolbaşçysy hökümetiň indiki bäş ýylyň dowamyndaky infrastruktura taslamalarynyň jikme-jik meýilnamalaryny işläp düzendigini habar berdi. – Bu çäreleriň esasy maksady ýurduň ykdysady ösüşiniň depginini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Geçen 10 ýylyň dowamynda Hindistan infrastrukturasynyň ösüşine 1,1 trillion dollar töweregi maýa goýdy – diýip, Nirmala Sitharaman mälim etdi.