Norwegiýada ulagyň iň möhüm görnüşi hasaplanýan gämiler uly meşhurlyga eýedir. Emma Norwegiýanyň hökümeti içinden ot alýan hereketlendirijileri daşky gurşawa zyýanly hasaplap, olary çäklendirmek barada meýilnama işläp düzdi. Bu meýilnama görä, patyşalykda şäher gämilerini ýuwaş-ýuwaşdan elektrik hereketlendirijili gämiler bilen çalyşmak barada karar kabul edildi.
Meýilnama laýyklykda, ýurduň paýtagty Osloda elektrik bilen işleýän ilkinji ýolagçy gämileri 2021-nji ýylda işe giriziler. Täze gämiler “Ruter AS” we “Boreal Norge AS” kompaniýalarynyň täze ylalaşygynyň bir bölegidir. Meýilnama görä, gämiler Oslo bilen “Oslo-ford” adalarynyň arasyndaky köp gatnawly ugurlarda hereket eder. Bu ugurlar, esasan hem, tomus möwsüminde ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler tarapyndan giňden peýdalanylýar.
Oslodaky jemgyýetçilik ulaglaryny dolandyrýan “Ruter AS” kompaniýasynda täze gämileriň köplerde çynlakaý gyzyklanma döredýändigi habar berildi. Bu ýolagçy gämileriniň taslamasynda we dizaýnynda täze tehnologiýalary ulanmaga, her gämä ýerleşýän ýolagçylaryň sanyny 350-ä çenli artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa häzirki ulanylýan gämilere ýerleşýän 200-den gowrak ýolagçydan ep-esli köpdür – diýip, kompaniýada mälim etdiler.