Wilýam Şekspiriň 1632-nji ýylda çap edilen ilkinji kitaby satylar. Meşhur dramaturgyň 36 pýesasyndan ybarat bolan bu seýrek eseriň aprel aýynda satuwa çykaryljakdygy barada
“Christie’s” auksion öýi habar berýär.
– Şekspiriň ilkinji kitaby diňe bir eserler ýygyndysy däl-de, eýsem, giden bir ummandyr. Çünki Şekspiriň eserleri islendik ýaşdaky adamlarda ýa-da medeniýetlerde gyzgyn seslenme we goldaw tapýar. Şeýle hem, ilkinji kitabyň satylmagynyň özi uly waka bolup durýar – diýip, “Christie’s” auksion öýüniň kitaplar we golýazmalar bölüminiň başlygy Margaret Ford gürrüň berýär. Maglumatlara görä, bu kitap şahsy kolleksiýada saklanýan 6 kitabyň biridir.
– Şübhesiz biziň elimizdäki kitap dünýä medeniýetiniň baý hazynasydyr. Biz bu kitapsyz edebiýata-da, Şekspire-de dogry baha berip bilmezdik. Eger-de onuň awtory bu kitabyň häzirki gadyr-gymmatyny bilsedi, haýran galardy – diýip, auksion öýüniň “Globe Education” bölüminiň başlygy Patrik Spottiswud belleýär.
– Megerem, bu kitap, haýsydyr bir hususy kolleksioneriň eline düşer. Kitabyň bütin dünýäde adatdan daşary gyzyklanma döretjekdigine şübhelenmese bolar – diýip, Margaret Ford aýtdy.
“Christie’s” auksion öýi ilkinji kitapdan 6 million dollar gazanmagy meýilleşdirýär.