Ýurdumyzyň ösüşleriniň hem-de üstünlikleriniň özeni bolup durýan hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy türkmen halkynyň uly buýsanjyna öwrüldi. Diýarymyzda 2020-nji ýyl “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edildi. Şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahaty, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda” ýörite Karar kabul edildi. Şoňa laýyklykda, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bu şanly sene mynasybetli baýramçylyk dabaralary giň gerim aldy.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty BMG tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr.
Garaşsyz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Ýurdumyzyň oňyn parahatçylyk söýüjilik taglymatlaryna ýugrulan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrdy. Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki günde dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna ynamly goşulýar.
Ýurdumyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda giň gerimli maksatnamalar kabul edildi. Üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda halkara hem-de sebit möçberinde iňňän uly taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Täze maksatnamada ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň iňňän uly taslamalary üçin maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. 2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň baş maksady Türkmenistanda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak, şeýle-de işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak arkaly, bäsdeşlige ukyply, dünýäniň iň ösen tehnikalarydyr tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, innowasiýalary özünde jemleýän ýokary ykdysady netijeli ulgamy döretmekden hem-de ösdürmekden ybaratdyr. Maksatnama laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi takmynan 40 milliard manada golaýlaýar. Bu iňňän uly maýa goýumlar ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwürmäge giň mümkinçilik döreder.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri barada gürrüň edilende, milli ykdysadyýetimiz sazlaşykly ösüş depgine eýedir. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Şeýle hem geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi, 11 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyna güwä geçýär.
Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn giň gerime eýe bolýan ösüşleriniň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, durnuklylygyň, ösüşleriň we durmuş abadançylygynyň hatyrasyna edýän tagallalarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Näzik Hudaýberdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.