Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, tebigaty aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ekologiýa meselesi tutuş dünýäde wajyp ähmiýetli bolup durýar. Milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berýär. Bu ugurda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, bu ugurda güneşli Diýarymyzda hem durmuşa ornaşdyrylýan işler giň gerimde alnyp barylýar.
Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilip, şonuň çäklerinde köp sanly agaç nahallary oturdylýar. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem bu asylly däp dowam etdiriler. Üstümizdäki ýylda, geçen ýyllara garanyňda, has köp möçberde dürli agaç nahallarynyň ekilmegi göz öňünde tutuldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi köpçülikleýin bag ekmek dabarasyny guraýjy bolup çykyş edýär. Ministrlik welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem baglaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek işini alyp barar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň netijesinde, adam eli bilen emeli tokaýlar kemala geldi.
Ekologiýa pudagy ýaly möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini, şeýle hem iri halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini esasy ugur edinýär. Tebigaty goramak meseleleri boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyz BMG-niň biologiýa köpdürlüligi hakyndaky, çölleşmä, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de netijeli peýdalanmak boýunça tebigaty goraýyş konwensiýalaryny tassyklady. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistan howanyň üýtgemegi baradaky Pariž ylalaşygyna gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uzakmöhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady jemgyýetiň we daşky gurşawyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň her bir sebitiniň tebigy-howa aýratynlyklary, şeýle hem Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa resminamalarynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleriň amala aşyrylmagy bu maksatnamanyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda tebigaty goramak, suw, ýer we geologiki serişdeleri netijeli peýdalanmak, biologiki köpdürlüligi hem-de tebigy aýratynlyklary goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa ugrundaky düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagyny azaltmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasatynyň netijesinde, şäherleriň we obalaryň töwereklerini “gök zolaklar” büreýär. Munuň özi howanyň arassa bolmagyna, ilatly ýerleriň yssy howadan we tozanly ýellerden goralmagyna mümkinçilik berýär.
Ýaş agaçlaryň elde döredilen tokaýlyklary, baglar, seýilgähler hem-de seýilbaglar ýurdumyzyň ähli, hatda iň alysdaky künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýylyp gidýär. Olar tebigatyň ajaýyp hem-de möhüm künjegine öwrüldi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, derýalaryň we akabalaryň, Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenýär.
Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bilen kemala gelýän ýaşyl tokaýlyklar hem-de zolaklar sahawatly türkmen topragynyň gözelligini has-da gözelleşdirýär.
Kerimberdi MELÄÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.