Ýewropa Komissiýasynyň 5G obserwatoriýasynyň hasabatyna laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň 10 ýurdunda 5G tehnologiýasy ornaşdyrylýar. Ykjam aragatnaşygyň 5-nji nesli kabul edilýän 5G tehnologiýasy sanly ykdysadyýetiň özenini düzüp, emeli aň ulgamynyň hereketlendiriji güýjüne öwrüler. Häzirki wagtda Ýewropanyň 10 ýurdunda bu ulgam ornaşdyryldy. Germaniýa, Awstriýa, Finlýandiýa, Wengriýa, Irlandiýa, Italiýa, Ispaniýa, Estoniýa, Beýik Britaniýa we Rumyniýa täze tehnologiýanyň hyzmatlaryny täjirçilik derejesinde hödürläp başlady. Häzirki wagtda Portugaliýada bu ugurda ençeme işler alnyp barylýar. Aprel aýynda 5G ulgamynyň rugsatnamasy boýunça bäsleşik yglan edilip, onuň jemleri iýun aýynda jemlener. Çaklamalara laýyklykda, Ispaniýada 5G ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen onuň 2025-nji ýyla çenli ykdysady netijeliligi 14 milliard ýewro deň bolar. 5G ulgamy Koreýa Respublikasy, Awstraliýa we Hytaý ýaly ýurtlarda giňden ornaşdyrylýar. Koreýada bu ulgamyň abunaçylarynyň sany 5 milliona ýetdi. Awstraliýanyň 10 şäherinde 5G ulgamly tehnologiýa ornaşdyryldy, üstümizdäki ýyl şeýle şäherleriň sany 25-e ýeter.
Bahreýn, Kuweýt, Katar, BAE we Saud Arabystany ýaly ýurtlar hem 5G ulgamy üçin degişli işleri ýola goýdular.
Hojadurdy Hojadurdyýew,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň kafedra müdiri.