Birleşen Arap Emirliklerinde düýe süýdüne ýugrulan şokolad öndürilýär. Bu şokoladyň önümçiligi “Al Nassma Chocolate LLC” kompaniýasy tarapyndan dünýäde ilkinji gezek ýola goýlup, “Al Nassma” (Salkyn) diýlip atlandyrylýar. 2008-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýanyň önümleri ABŞ, Awstraliýa, Ýewropa, Hytaý, Malaýziýa we dünýäniň beýleki ýurtlaryna eksport edilýär. “Al Nassma Chocolate” Birleşen Arap Emirliklerinde düýe süýdüne ýugrulan şokoladyň ýeke-täk söwda belgisidir. Bu tebigy önümiň brendini işläp düzmäge we ýola goýmaga 4 ýyl sarp edildi. “Al Nassma Chocolate LLC” kompaniýasy gysga wagtyň içinde öz önümini hil babatda halkara ülňülerine çykarmagyň hötdesinden geldi.
Bu tebigy önüm özüniň turşumtykdan süýji tagamy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde gündogara mahsus bolan önümler, hurma, hoz, bal we beýleki hoşboý ysly zatlar bar. Bu şokolad diňe bir täsin tagamy bilen däl, eýsem, bejerijilik aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar. Düýe şekiljiklerinde guýlan bu şokoladlar halkara derejesinde uly islege eýe bolup, häzirki wagtda ýörgünli önümleriň birine öwrüldi.
Düýe süýdüne ýugrulan “Al Nassma” şokolady saglyk üçin hem peýdaly bolup, onuň düzüminde C, B, A, D, E, K witaminleri we başga-da köp sanly mikroelementler bar. Süýjüden turşumtyk şokoladyň düzüminde zyýanly ýaglaryň azlygy onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu şokolad ganyň düzümindäki süýjüniň derejesini peseltmekde tapylgysyz melhemdir. BAE-de bu şokolad diňe iri söwda merkezlerinde, iri myhmanhanalardaky dükanlarda we ýurduň aeroportlaryndaky “Duty free” dükanlarynda satylýar. Kompaniýa her günde 300 kilogram düýe süýdüne ýugrulan şokolad öndürýär.