2022-nji ýylyň başynda “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly Wengriýa ilkinji gezek gaz ugradylar. Bu barada Russiýanyň Wengriýadaky ilçisi Wladimir Sergeýew mälim etdi. – Wenger hökümeti eýýäm, köp wagtdan bäri gaz ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky pikiri goldaýar hem-de “Türk akymy” taslamasynyň gysga wagtda ýerine ýetirilmegine gyzyklanma bildirýär – diýip, Sergeýew belledi.
Häzirki wagtda bu gaz geçiriji ulgamyň hyzmat ediş mümkinçiligi hem-de geçiriş ukyby boýunça işler alnyp barylýar. “Türk akymy” gaz geçirijisi arkaly Wengriýa ilkinji gezek gaz ibermek 2021-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2022-nji ýylyň başynda meýilleşdirilýär. Wengriýa her ýylda günorta ugurdan 9,75 milliard kubmetr möçberindäki gazy alyp, onuň 6 milliard kubmetrini öz zerurlyklary üçin, galan 3,75 milliard kubmetrini bolsa, üstünden geçirmek üçin kabul eder – diýip, Wladimir Sergeýew aýtdy.
Russiýadan Türkiýä Gara deňziň asty bilen çekilen “Türk akymy” gaz geçirijisiniň taslama kuwwaty, ýylda 31,5 milliard kubmetr gaza deňdir. Bu geçiriji arkaly gaz ibermek şu ýylyň 1-nji ýanwarynda başlady. “Türk akymynyň” açylyş dabarasy 8-nji ýanwarda Russiýanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Stambulda geçirildi.
“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýeti bu gaz geçirijiniň deňiz böleginiň gurluşygyna 2017-nji ýylyň maýynda başlapdy. Iki şahadan ybarat gaz geçirijiniň biri türk sarp edijilerine, beýlekisi bolsa, Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlary üçin niýetlenendir. Bilermenleriň aýtmagyna görä, “Türk akymy” Türkiýäniň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu geçiriji arkaly tebigy gazyň gös-göni sarp edijilere ýetirilmeginiň aýratyn ähmiýeti bar.