Kofe adaty içgi bolup, onuň hiç hili zyýanly tarapy ýok. Bu barada çaý we kofe boýunça hünärmen, agronom Ýelizaweta Tihonowa belleýär. Onuň bellemegine görä, kofeniň düzümindäki köp möçberdäki kofein adam bedeniniň ösüşine öz oňyn täsirini ýetirip biler. Çaý we kofe boýunça hünärmeniň bellemegine görä, haçan-da kofeni süýt ýa-da şeker bilen içeniňde ol goşmaça energiýa berýär.
– Kofeniň adam bedenine täsiri ýokary derejededir. Eger çaý adam bedenine 8 sagadyň dowamynda öz täsirini ýetirýän bolsa, kofeniň täsiri 2 sagatlap dowam edýär. Ýöne onuň täsiri has ýokarydyr. Bir bulgura 8 gram kofe düşýär. Ýürek we beýni 2 sagadyň dowamynda artdyrylan depginde işleýär. Kofeden kaloriýa almak mümkinçiligi pesdir – diýip, Ýelizaweta Tihonowa belläp geçdi.
Kofeniň däneleri gowrulan wagty onuň düzümindäki mikroelementler we B witamini saklanyp galýar. Ol hem C witamininiň emele gelmegine ýardam edýär. Kofe içip, alma iýen halatyňyzda bolsa C witamininiň emele gelmegi has-da çaltlaşýar.
Jennet Hudaýberdiýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.